«Toyota Motor Corporation» we onuň golçur kärhanasy «Woven by Toyota» Ýaponiýanyň Sidzuoka prefekturasynda ýerleşýän we hakyky ilatly synag şäheri bolan «Woven City» taslamasy boýunça işe başlandygyny yglan etdi. Bu şäher ulag, sanly we infrastrukturalaýyn çözgütleri synagdan geçirmek üçin tejribe meýdançasy hökmünde hyzmat eder.
Bahasy 10 milliard dollar bolan «Woven City» taslamasy ilkinji gezek bäş ýyl ozal tanyşdyryldy. Şondan bäri şäheriň gurluşygy we işe girizilmegine taýýarlyk işleri meýilnama esasynda dowam etdirildi.
Şäher «Toyota» kompaniýasynyň öňki zawodynyň ýerleşen ýerinde — Susono şäheriniň çäginde gurlupdyr. 2025-nji ýylyň sentýabr aýyndan ýaşaýyş jaýlarynyň ilkinji tapgyryna kompaniýanyň işgärleri we olaryň maşgalalary göçüp başlady. Geljekde bu ýerde takmynan 300 adamyň ýaşajakdygy aýdylýar.
«Woven City» täze görnüşli hereketlilik ulgamlary üçin dolulygyna synag meýdançasy hökmünde taslanyldy. Onuň infrastrukturasy aşakdaky aýratynlyklary öz içine alýar:
• üç derejeli ýol ulgamy: awtoulaglar, pyýadalar we şahsy ulag serişdeleri üçin aýratyn ýollar;
• ýerasty ulag ulgamy: durnukly howa şertlerinde synag geçirmek üçin niýetlenen;
• akyllly ýolyşyklar we ulag infrastrukturasy bilen utgaşdyrylan ýagtylandyryş hem-de ýollary yşyklandyryş ulgamlary;
• ýagtylandyryş, kameralar we sensorlar bilen sazlaşyk döredýän köp mümkinçilikli sütünler.
Şäheriň ýaşaýjylary we myhmanlary (taslamanyň terminologiýasyna görä — «Weavers») täze önümleri synagdan geçirerler we pikir-alyşmalara gatnaşyp, olaryň kämilleşdirilişine goşant goşarlar. Öndürijiler we kompaniýalar («Oýlap tapyjylaryň») bolsa öz çözgütlerini synagdan geçirmek üçin hakyky ýaşaýyş gurşawyna elýeterlilige eýe bolarlar.
Şäheri 2026-njy ýyldan giň jemgyýetçilik üçin açmak meýilleşdirilýär.




