Şu gün, 9-njy iýulda C5+O.N.E. (Opening Networks Through English) maksatnamasy öz ýedinji toparyny resmi taýdan işe girizdi we Merkezi Aziýanyň dürli künjeginden 400-den gowrak döwlet edarasynyň, hususy pudagyň, raýat jemgyýetiniň we metbugatyň hünärmenlerini bir ýere jemledi. Maksatnama ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Günorta we Merkezi Aziýa meseleleri boýunça býurosy tarapyndan maliýeleşdirilýär we Halkara bilim boýunça Amerikan geňeşlikleri (American Councils for International Education) tarapyndan durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama sebit boýunça iňlis dili başarnygyny güýçlendirip, has çuň integrasiýany goldamak, hünär hyzmatdaşlygyny ösdürmek we ABŞ bilen ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksadyna hyzmat edýär. Bu barada C5+O.N.E. maksatnamasynyň metbugat gullugy habar berýär.
7-nji topara, takmynan Gazagystandan 130, Gyrgyzystandan 90, Täjigistandan 100, Türkmenistandan 60 we Özbegistandan 100 diňleýji gatnaşýar.
7-nji toparyň gatnaşyjylary Merkezi Aziýanyň ähli ýurtlaryndan bolup, oba hojalygy, bank işi we maliýe, maglumat tehnologiýalary, telekeçilik hem-de energetika ýaly ykdysadyýetiň möhüm pudaklaryndan gelýärler. Olar «Ykdysadyýet üçin iňlis dili» ugry boýunça okaýarlar, amerikan hünärmenleri bilen aragatnaşyk gurýarlar we Merkezi Aziýa boýunça hem-de ABŞ-daky kärdeşleri bilen hünär gatnaşyklarynyň ulgamyny döredýärler. Şeýle-de gatnaşyjylar eýýäm bu maksatnamany üstünlikli tamamlan 2200-den gowrak hünärmenden ybarat bolan uçurymlar toparynyň sanawyna goşularlar.
Geljekki dokuz aýyň dowamynda gatnaşyjylar iňlis dili başarnyklaryny güýçlendirmek, sebitara hünär gatnaşyklarynyň torlaryny ösdürmek we Merkezi Aziýanyň hünärmenlerini sebit boýunça hem-de ABŞ-daky kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlamak üçin niýetlenen okuw derslerine hem-de hünär ösüş mümkinçiliklerine gatnaşarlar. Şeýle-de gatnaşyjylar öz ýurtlarynda geçirilýän milli çärelerde we Merkezi Aziýanyň ähli künjeginden hünärmenleri bir ýere jemläp, amerikan hünärmenleri bilen hyzmatdaşlyk etmäge mümkinçilik berýän sebitleýin konferensiýa hem gatnaşarlar.
Ýedinji toparyň başlamagy C5+O.N.E. maksatnamasynyň başarnyklary kämilleşdirmek, sebit hyzmatdaşlygyny güýçlendirmek hem-de ABŞ–Merkezi Aziýa boýunça umumy ösüş we rowaçlyk mümkinçiliklerini giňeltmek baradaky ygrarlylygyny görkezýär.
