Şu gün — 29-njy awgustda CAFA Milletler kubogynyň Özbegistanda geçiriljek «A» toparçasynyň oýny bolan Türkmenistan – Gyrgyzystan duşuşygynyň öňüsyrasynda guramaçylyk maslahaty guraldy.
Maslahata toparlaryň wekilleri, duşuşygy dolandyrjak resmi wekiller hem-de ýaryşyň guramaçylary gatnaşdy. Onuň dowamynda duşuşygyň geçişine degişli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem toparlaryň meýdança çykjak eşikleriniň görnüşi tanyşdyryldy we resmi taýdan tassyklandy.
Şeýlelikde, ertir — 30-njy awgustda geçiriljek duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysy ak reňkli köýnekçede futbol meýdanyna çykar. Duşuşyk sagat 17:00-da başlanar.
Guramaçylyk maslahatynyň yzysüre metbugat duşuşygy hem guraldy. Duşuşykda Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Röwşen Meredow toparymyzyň häzirki ýagdaýy hem-de öňde goýan maksatlary hakynda çykyş etdi. Ol köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň sowallaryna jogap berdi.

