Şu gün — 15-nji fewralda 12 ýaşa çenli oglanjyklaryň hem-de gyzjagazlaryň arasynda minibasketbol boýunça Türkmenistanyň birinjiligi başlandy.
Türkmenistanyň Basketbol federasiýasynyň Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde geçirýän ýaryşy paýtagtymyzdaky «Aşgabat» köpugurly sport toplumynyň basketbol zalynda ýaýbaňlandyryldy.
Şunuň bilen baglylykda, ene-atalar hem-de ajaýyp oýnuň muşdaklary çagalaryň gyzykly basketbol baýramçylygyna öwrüljek ýaryşa tomaşa etmäge çagyrylýar.
Ýeri gelende bellesek, minibasketbolda torly halka 3,05 metr belentlikden 2,75 metre çenli aşak düşürilýär. Onuň ýene bir aýratynlygy oýun wagtynyň adaty basketbol duşuşygynyňkydan gysgaldylmagy bilen baglydyr.
22-nji fewrala çenli dowam etjek basketbol ýaryşynyň ajaýyp duşuşyklary size garaşýar. Oýunlara giriş tölegsiz bolar.
Biz ajaýyp ýaryşa gatnaşýan toparlaryň her birine uly üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.