«Çapar Pay» «ekitap» hyzmatyna abuna ýazylmagy has-da ýeňilleşdirýär

MilliInfo
«Çapar Pay» «ekitap» hyzmatyna abuna ýazylmagy has-da ýeňilleşdirýär

«Çapar Pay» mobil goşundysynyň ulanyjylary indi goşundynyň üsti bilen «ekitap» hyzmatyna abuna ýazylyp, töleg geçirip bilerler. Munuň üçin diňe «ekitap» hasabynyň hasaba alnan ykjam telefon belgisini girizmek we özüňize laýyk nyrhnamany saýlamak ýeterlikdir.

Ulanyjylara üç görnüşli abuna hödürlenýär: 3 aýlyk, 6 aýlyk we 1 ýyllyk. Abuna ýazylmak prosesi birnäçe minutda tamamlanýar we goşmaça hereketleri talap etmeýär.

Bu hyzmat müňlerçe kitaby, habarlary we makalalary özünde jemleýän sanly kitaphanadyr. Hyzmat edebiýatlary onlaýn görnüşinde hem, öňünden enjama ýükläp, internet bolmazdan hem okamaga mümkinçilik berýär.

Goşundyda kitaby ady, awtory ýa-da žanry boýunça gözlemek, öz ýygyndylaryňy döretmek, halaýan kitaplaryňy «Saýlananlara» goşmak, şeýle hem edebiýat we medeniýet baradaky habarlar hem-de neşirler bilen tanyşmak mümkinçiligi bar.

«Çapar Pay» arkaly töleg geçirmek «ekitap» hyzmatyna abuna ýazylmagy has amatly edip, sanly kitaphanadan göni smartfon arkaly peýdalanmaga mümkinçilik berýär.

«Çapar Pay» mobil goşundysy «Android» we «iOS» operasion ulgamlarynda işleýän smartfonlar üçin elýeterlidir. Ony «Google Play» we «App Store» resmi dükanlaryndan ýükläp bolýar. Hyzmat jemagat töleglerini, aragatnaşyk hyzmatlaryny, petek satyn almagy we beýleki sanly hyzmatlary bir goşundyda jemleýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info