Merkezi Garagumda ýerleşýän «Çemmerli» gaz käninde tebigy gazyň täze akymynyň alnandygy baradaky hoş habar «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň taryhy ähmiýetli wakalarynyň üstüni ýetirdi. Munuň özi pudagyň düzümlerinde alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny äşgär edýär.
«Türkmengaz» döwlet konserniniň «Döwletabatgazçykaryş» müdirliginiň buýurmasy esasynda, «Türkmengazburawlaýyş» müdirligi tarapyndan «Çemmerli» gaz känini özleşdirmegiň çäginde 265 belgili baha beriş-ulanyş guýusy 1 müň 200 metr çuňluga burawlanyp, onuň 1 müň 114 — 1 müň 110 metr aralygyndan synag işleriniň netijesinde bir gije-gündizde senagat ähmiýetli 150 — 200 müň kub metrden gowrak tebigy gazyň akymy alyndy. Munuň özi «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginde işleriň döwrebap derejede alnyp barylýandygynyň, onuň tehnologiýalarynyň häzirki zaman usullary esasynda kämilleşdirilýändiginiň nobatdaky aýdyň güwäsidir. Bu bolsa hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak, dünýäniň ösen tejribesini netijeli özleşdirmek boýunça kesgitlän wezipeleriniň üstünlikli ýerine ýetirilýändigini alamatlandyrýar.
Merkezi Garagum gazly künjeginde ýerleşýän «Çemmerli» käninde tebigy gazyň täze akymynyň alynmagy pudagyň işgärleriniň we hünärmenleriniň Garaşsyzlyk baýramyny zähmet ýeňişleri bilen garşylamak ugrundaky tagallalarynyň aýdyň netijesidir. Ýurdumyzda nebitiň we gazyň täze ýataklarynyň ýüze çykarylmagy hem-de özleşdirilmegi bilen, bu gymmatly önümleriň goşmaça möçberi alynýar. Munuň özi Türkmenistanyň tebigy gazy toplumlaýyn gaýtadan işlemek arkaly energiýa serişdelerini iri eksport ediji döwlet hökmündäki derejesini we onuň dünýäniň energetika bazarynda eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrýar.
