Gatnaşýan halkara ýaryşlarynyň hiç birinden medalsyz dolanmaýan doganlary nobatdaky möhüm synagdan hem uly üstünlik bilen gaýdyp geldiler. MMA garyşyk söweş sungatynyň ussatlary Orazgeldi hem-de Şöhrat Orazgeldiýewler Özbegistan Respublikasynyň Samarkant şäherinde uniwersal söweş boýunça Aziýa çempionatyny ýeňişlere beslemegiň hötdesinden geldiler.
Şol ýaryşda doganlaryň ulusy, Türkmenistanyň uniwersal söweş boýunça milli ýygyndy toparynyň baş tälimçisi Orazgeldi 90 kilogram agramda uniwersal söweşiň laýt ugrundan oktagona çykyp, altyn medal gazandy. Onuň şägirdi we inisi Şöhrat bolsa has-da uly üstünlige eýe boldy. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» sport merkeziniň erber türgeni, Polisiýanyň podpolkownigi Şöhrat Orazgeldiýew 57 kilogram agram derejesinde altyn medallaryň ikisini gazandy. Uniwersal söweşde tutluşyklaryň iň bir professional, has takygy doly galtaşyga mümkinçilik berýän derejesi bolan «elit» görnüşindäki çykyşy has-da täsirli boldy. Başdaky garşydaşlarynyň dördüsini hem ahmyrda goýan türgen jemleýji tuluşygynda özbek ussadyna garşy oktagona çykdy. Turuwbaşdan el we aýak urgulary bilen garşydaşyny aljyraňňylyga salan ildeşimiziň ýerine ýetiren zyňyş emeli tutluşygyň hörpini aýdyňlaşdyran ýalydy. Şonda özbek söweşijisi saklaýyş tilsiminiň amala aşyrylmagyna garaşmak bilen, uly aldawa düşüpdi. Türkmen türgeni düýbünden başgaça hereket etdi we bäsdeşiniň elini agyrtmak emeline geçdi. Bu bolsa Şöhradyň garşydaşyny ýeňlişini boýun almaga mejbur etdi. Şeýlelikde, oktagona ynamly çykan watandaşymyz tutluşygy bary-ýogy 32 sekuntda ýeňiş bilen tamamlamagy başardy.
Aslynda agyrdyjy hem-de bogujy emelleri ulanmak Şöhradyň özüne iň ýakyn hasaplaýan söweş usullarynyň biridir. Ýene bir bellemeli zat, erjel türgen geçirýän tutluşyklarynyň hiç birini iki minutdan uzaga çekdirmeýär. Ynamlylygy zehinli ussady islendik emeli ýa-da tilsimi aýgytly amala aşyrmaga mümkinçilik döredýär. Bu bolsa onuň oktagondaky duşuşyklaryny wagtyndan öň öz peýdasyna jemlemegini üpjün edýär.
Samarkantda guralan ýaryş türgenler neberesi hasaplanýan Orazgeldiýewleriň ýaş wekillerine hem ajaýyp netijeleri getirdi. Şöhradyň ogly Seýran Orazgeldiýew üç medal gazandy. Paýtagtymyzdaky 57-nji orta mekdebiň 11-nji synp okuwçysy laýt görnüşden altyn, grepling hem-de nusgawy ugurlaryndan bolsa kümüş medallary aldy. Çempionatyň guramaçylary tarapyndan iň gowy hem agyr tutluşyklary geçiren türgen hasaplanylmagy onuň tutanýerli hem zähmetsöýer türgenleriň biridigini görkezdi.
Aşgabat şäherindäki 57-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Muhammedaly Orazgeldiýew uniwersal söweşiň nusgawy we laýt görnüşlerinden altyn medallary gazandy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 5-nji ýyl talyby Döwran Orazgeldiýew bolsa 54 kg-de nusgawy görnüşden altyn medalyň eýesi boldy.
2026-njy ýylda Orazgeldiýewleriň maşgalasyna şöhrat getiren ýaryşlaryň ýene biri-de iýulyň ahyrky günlerinde geçen Bütindünýä halklarynyň «Samarkand Open 2026» açyk halkara çempionaty boldy. Ähmiýetli ýaryşda Şöhradyň çykyşy has-da täsirli geçdi. Erjel türgen uniwersal söweşiň nusgawy görnüşi boýunça 70 kilogram agram derejesinde çekeleşikli duşuşyklaryň dördüsini geçirip, garşydaşlarynyň ählisini ýeňlişe sezewar etdi. Bäsleşigiň jemleýji tutluşygyny hem ýeňiş bilen jemlän Şöhrat Orazgeldiýew uniwersal söweşiň professionallar ligasynyň çempionlyk kemeriniň eýesi boldy.
Şonda onuň garşydaşynyň kellesine geçiren aýak urgusy bilen seňseletmegi tutluşygyň gutarnykly netijesini yglan edipdi. Elbetde, bu bolsa erjel türgeniň el-aýak urgularyndan hem, göreş tilsimlerinden-de, bogujy, agyrdyjy emellerden-de kämil derejede baş çykarýandygyny tassyklaýar. Şeýle üstünlikler onuň agasy hem tälimçisi, halypalyga ýetendigine garamazdan, ýyllarboýy netijeli çykyş edip gelýän Orazgeldi Orazgeldiýew bilen bilelikde alyp barýan dogry türgenleşikleriniň, egin-egne berip çekýän zähmetiniň miwesidir. Çünki dünýä we Aziýa çempionatlaryna ýokary derejede taýýarlanmak kämil hem dogry türgenleşik meýilnamalaryny talap edýär. Şunlukda, suw howdanlarynda geçýän fiziki türgenleşikleri, daglarda uzak aralyga ylgamagy, el-aýak, zyňyş, agyrdyjy we bogujy emeller boýunça kämilleşmegi Şöhradyň aýratyn meýilnama boýunça taýýarlanýandygyny äşgär edýär.
Ussat türgeniň şu ýyl Yssyk-Kölde (Gyrgyz Respublikasy) geçirilen MMA söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşi boýunça Aziýa çempionatynda gazanan ýeňşi hem aýratyn bellärliklidir. Bu ýaryşda Şöhrat Orazgeldiýew öz agramynda professionallaryň arasynda yklymyň çempiony bolsa, onuň ogly Seýran 60 kg-de 15 ýaşa çenli ýetginjekleriň bäsleşiginde ýeňşe ýetdi. Ataly-ogluň geçen ýyl hem şol görnüşden yklymyň hem dünýäniň çempiony bolandygyny ýatladýarys. Munuň özi Şöhrat Orazgeldiýewiň ogly Seýran bilen ýeňişleriniň sany boýunça bäsleşýändigini görkezýär. Bu bolsa sporty hemişelik hemrasyna öwren kaka bilen ogluň yzygiderli kämilleşmegini, has uly üstünliklere eýe bolmagyny üpjün edýär. Aslynda, bu bäsdeşlik Orazgeldi bilen Şöhradyň arasynda başlanypdy. Şöhradyň ogly, ýetginjekleriň arasyndaky halkara ýaryşlarynda, dünýä we Aziýa çempionatlarynda uly üstünliklere eýe bolan Seýranyň hem goşulmagy bu bäsdeşligiň has-da netijeli bolmagyny şertlendirdi.
Erjel türgen Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi, bu ýerde zähmet çekýän müdirligi hem-de Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan berilýän goldawlaryň onuň sport ýolunda has-da taplanmagyna täsirini ýetirýändigini tassyklaýar.
Türgen kämillige ýetmeginde uly goldaw beren «Galkan» sport merkeziniň başlygy, polisiýanyň maýory Kadyr Baýgeldiýewi, Türkmenistanyň Hanmudo söweş sungaty federasiýasynyň ýolbaşçysy Orif Buharakowy, galyberse-de, Ata Akmämmedowy, Çary Mämmedowy hem-de beýlekileri aýratyn atlandyrýar.
Synmaz erki bilen uly abraý gazanan Şöhradyň 2024—2026-njy ýyllar aralygynda öz agramynda dünýä reýtinginde birinji orny elden bermezligi hem onuň ussatlygyndan habar berýär. Zehinli türgeniň häzire çenli sportuň başa-baş söweş görnüşleriniň birnäçesinden dürli derejedäki ýaryşlarda geçiren resmi duşuşyklarynyň 700-den geçendigi hem aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Her duşuşyk üçin döz gelen azabyna, kynçylygyna garamazdan, iň soňky pursatlara çenli ýeňiş üçin göreşmegi bolsa onuň saýlan sport görnüşlerine söýgüsinden nyşandyr. Şol söýginiň türgeniň zähmeti hem çyn yhlasy bilen utgaşmagy bolsa Watana şan getirmegi başaran zehinli ýigidi uly abraýa ýetirdi. Döwletimiziň we halkymyzyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary, şeýle-de sportdaky ajaýyp netijeleri üçin Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen «Türkmen edermen» medalynyň gowşurylmagy merdana Watan goragçysynyň – Içeri işler ministrliginiň işgäri, polisiýanyň podpolkownigi, «Galkan» sport merkeziniň ezber türgeni Şöhrat Orazgeldiýewiň zähmetine, yhlasyna berlen mynasyp baha boldy. Geçen ýyl bolsa halkara ýaryşlarda gazanan uly ýeňişleri üçin hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permany esasynda, polisiýanyň podpolkownigi ýörite adynyň dakylmagy zehinli türgeni has uly ýeňişlere ruhlandyrdy. Şöhrat Orazgeldiýew uly üstünlikleri bilen Watana şan getirmegi üçin döredilýän ajaýyp şert-mümkinçilikleriň gözbaşynda duran türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş-hoşallyklaryny beýan edýär we geljekde hem täze netijeleriň ýolunda yhlasyny gaýgyrmajakdygyny belleýär.
