Indi janköýerler ukudan galmaz: Çempionlar ligasynyň finalynyň başlanýan wagty üýtgedildi

MilliInfo

29 Awgust, 2025

UEFA Çempionlar ligasynyň final oýnunyň başlanýan wagtynyň üýtgedilendigini mälim etdi. 2025/26 futbol möwsüminden ýaryşyň final oýny Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlanar. Ýaryşyň öňki final oýunlary ýarygije sagat 01:00-da geçirilýärdi.

UEFA bu netijäni tomaşaçylar we beýleki taraplar üçin, has-da final oýnuny kabul edýän şäherler üçin amatlylygy üpjün etmek bilen birlikde, duşuşyk gününiň rahat bolmagyny gazanmak işleriniň ähmiýeti bilen baglanyşdyrýar. Bu karar maşgalalara we çagalara ýylyň iň esasy klub oýnuna arkaýyn gatnaşmaga mümkinçilik berer.

«Üýtgeşmelerimiz janköýerleriň rahatlygyny gazanmaga gönükdirilendir. UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň finaly futbol möwsüminiň iň esasy oýny we täze wagt ony has elýeterli hem täsir galdyryjy eder. Oýnuň Merkezi Ýewropa wagty bilen 21:00-da başlamagy hepdäniň ortasyndaky oýunlar üçin has laýyk gelýän bolsa-da, şenbe güni finalyň ir başlanmagy onuň goşmaça wagta ýa-da penalti tapgyryna garamazdan, ir tamamlanjakdygyny aňladýar we janköýerlere agşamyň galan bölegini dostlary hem maşgalalary bilen geçirip, möwsümiň oýny barada pikir alyşmagyna mümkinçilik berýär» – diýip, UEFA-nyň prezidenti Aleksandr Çeferin aýtdy. 

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info