«Central Asia Fintech Summit 2025» maliýe tehnologiýalary ulgamynda sebitiň esasy wakalarynyň biri bolup, bu ugurda hyzmatdaşlyk hem-de dialog üçin özboluşly halkara meýdança hökmünde hyzmat edýär.
Milli Töleg Korporasiýasy tarapyndan yglan edilen forum 13-14-nji noýabrda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriler.
«Central Asia Fintech Summit 2025» sebitiň finteh jemgyýetini birleşdirýän nokada öwrüler. Şol bir wagtyň özünde bolsa ýerli we halkara bilermenlere, maýadarlara hem-de telekeçilere esasy ugurlary ara alyp maslahatlaşmaga we hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini döretmäge ýol açar.
Foruma gatnaşmak üçin bellige aldyrmagy hem-de sammit bilen bagly beýleki möhüm bildirişler bilen tanyşmagy unutmaň!

