«Central Asia Programming Championship 2026»: Türkmenistanyň IT döredijileri halkara ýaryşa gatnaşarlar

MilliInfo

Türkmenistanyň programmistleriniň 27-nji martda «Central Asia Programming Championship 2026» çempionatynyň finalyna gatnaşjakdygy habar berildi.

28-nji fewralda geçirilen onlaýn saýlaw tapgyryndan soň iň güýçli kodlaýjylar ICPC derejesindäki algoritm kynçylyklaryny çözjek oflaýn tertibindäki finala çykdylar. Şeýlelikde, IT bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Türkmenistandan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan hem-de Täjigistandan iň zehinli işläp düzüjiler gatnaşar.

«Central Asia Programming Championship 2026» türkmen IT döredijilerine dünýä programma üpjünçiligi pudagynyň öňdebaryjylary bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik döreder. Şonyuň üçin hem, biz abraýly çempionata gatnaşjak ildeşlerimize uly üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info