«OpenAI» her gün 2,5 milliarddan gowrak ulanyjy gözleginiň ýa-da ýylda 912,5 milliard ýüztutmanyň bellige alynýan «ChatGPT» çatbotynyň meşhurlygynyň artýandygyny habar berdi. Bu görkezijiniň üçden bir bölegi günde takmynan 330 million ýüztutmadan ybarat bolan ABŞ-nyň ulanyjylaryna degişlidir.
«ChatGPT» gözlegleriň akymy boýunça heniz hem ýylda 5 trillion ýüztutmany işleýän «Google» maksatnamasyndan yza galýar — emma «OpenAI» auditoriýasynyň ösüş depgini haýran galdyryjy. 2024-nji ýylyň dekabryndan 2025-nji ýylyň martyna çenli hyzmatyň hepdelik auditoriýasy 300-den 500 milliona çenli artdy. Seljerijiler çatbotyň nusgawy gözleg ulgamlaryny çalşyp biljek gözleg bölümi hökmünde has köp ulanylýandygyny belleýärler.
Habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, «OpenAI» ýakyn hepdelerde «Google» bilen bäsdeşligi güýçlendirip biljek emeli aň integrirlenen brauzerini açmagy meýilleşdirýär. Şeýle hem, kompaniýa ulanyjynyň adyndan meseleleri awtomatiki ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýän «ChatGPT Agent» guralyny hödürledi.