Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde 2016-njy ýylyň Ýewropa çempiony bolan meşhur futbolçy Luiş Nani Gazagystanyň «Aktobe» klubynyň hataryna goşuldy. Bu barada Gazagystanyň toparynyň metbugat gullugy habar berdi.
39 ýaşly hüjümçi bilen baglaşylan şertnama 2026-njy ýyla çenli niýetlenendir. Futbolçynyň aýlyk zähmet haky 70 müň dollara deň bolar. Bu bolsa Gazagystanyň futbol taryhyndaky iň ýokary aýlyk hakydyr.
Nani özüniň sport ýolunyň dowamynda «Sporting», «Mançester Ýunaýted», «Walensiýa», «Fenerbahçe» we «Lasio» ýaly belli klublarda çykyş etdi. Aýratyn-da, onuň «Mançester Ýunaýted» toparyndaky karýerasy şowly boldy: futbolçy iňlis kluby bilen Angliýanyň dört gezek çempiony we Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy.
Portugaliýanyň milli ýygyndysynda 111 duşuşyk geçirip, 24 gol geçiren Nani 2024-nji ýylyň dekabrynda futbol karýerasyny tamamlaýandygyny yglan edipdi. Emma tejribeli oýunçy ýene-de uly futbola dolanmak kararyna geldi.
Ýatladyp geçsek, «Aktobe» topary Gazagystanyň çempionatynyň geçen möwsümini bäşinji orunda tamamlapdy. Täze — 2026-njy ýylyň futbol möwsümi bolsa mart aýynda badalga alar.