Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewanyň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi

MilliInfo

12 Awgust, 2025

11-nji awgustda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda ýurdumyzyň meşhur döredijilik işgäri, Türkmenistanyň Gahrymany, ussat şahyr Amangözel Şagulyýewanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Gahryman şahyryň doglan gününiň hormatyna Gahryman Arkadagymyz hem-de hormatly Prezidentimiz öz Gutlaglaryny iberdiler.

Dabara watançylyk mazmunly edebi-sazly kompozisiýa bilen başlandy. «Adyň arşa galdy Arkadag bilen, Arkadagly Gahryman Serdar bilen!» atly bu edebi-sazly çykyş Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynyň artistleri tarapyndan ýerine ýetirildi.

Soňra dabaranyň esasy pursatlary başlanyp, ilki bilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Türkmenistanyň Gahrymany Amangözel Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli iberen Gutlagy okaldy. Ussat şahyra Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň iberen ajaýyp ter çemenleri gowşuryldy.

Soňra dabarada çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. Bellenilişi ýaly, A.Şagulyýewanyň köp ýyllaryň dowamynda çeken halal zähmetine eziz Watanymyz, mähriban halkymyz ýokary baha berdi.

«Siz köp sanly döwlet sylaglary bilen bir hatarda, «Türkmenistanyň Gahrymany» diýen belent ada hem mynasyp bolduňyz. Gazanan bu üstünlikleriňiz buýsanmaga mynasypdyr. Siz Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky halkara baýragyň eýesi hökmünde Garaşsyz Diýarymyzda amala aşyrylýan özgertmeleri, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga, berkarar ata Watanymyzy mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň özenini ýiti, baý many-mazmunly şahyrana sözleriňiz bilen giň köpçülige üstünlikli ýetirýärsiňiz» diýip, O.Atabaýewa aýtdy.

Dabara ýurdumyzyň meşhur aýdymçylarynyň, aýdym-saz we tans toparlarynyň çykyşlary bilen utgaşyklylykda dowam etdi. Ussat şahyr A.Şagulyýewanyň sözlerine döredilen, kalplara ruhy lezzet berýän aýdymlary diňläp, dabara gatnaşyjylar ajaýyp waka mynasybetli ýaýbaňlandyrylan çykyşlara uly höwes bilen tomaşa etdiler.

Çykyş edenler, şol sanda Türkmenistanyň Gahrymany J.Saparowa, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň milli toparynyň jogapkär sekretary, Türkmenistanyň Gahrymany Ç.Rustemowa, Türkmenistanyň Gahrymany S.Babaýew A.Şagulyýewanyň ýurdumyzda giňden tanalýan we uly hormata eýe bolan şahyrdygyny nygtap, onuň döredijilik ylhamyna eýe bolup, ata Watanymyzda bolup geçýän ähli möhüm wakalara, amala aşyrylýan özgerişliklere ganatly setirleri arkaly gyzgyny bilen seslenýändigini bellediler.

Türki medeniýetiň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) Sekretariatynda Türkmenistanyň resmi wekili L.Öwezgeldiýewa öz çykyşynda şahyryň her bir kitabynyň onuň içki dünýäsiniň öwüşgininiň, ýaşaýşa bolan höwesiniň, mähriban halkyna hem-de halkymyzyň taryhyna bolan çäksiz söýgüsiniň mizemez nyşany bolup durýandygyny belläp, doglan gününiň hormatyna «Türki dünýäde zenan we kelam» atly goşgular ýygyndysynyň dokuz dilde — türkmen, azerbaýjan, gazak, gyrgyz, özbek, türk, iňlis, fransuz we rus dillerinde çap edilendigini habar berdi.

Dabaranyň ahyrynda A.Şagulyýewanyň doglan güni mynasybetli aýdylan gutlaglar we päk arzuwlar üçin türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa ýene-de bir gezek tüýs ýürekden sagbolsun aýdyldy. Şahyr döwlet derejesinde özüne bildirilen şeýle belent hormat-sylagyň milli medeniýetimize we türkmen edebiýatyna uly sarpadygyny nygtady. Şeýle hem ol tüýs ýüreginden çykýan ajaýyp duýgularyny goşgy setirleri bilen beýan etdi. Şygyr setirleri Watanymyza, agzybir halkymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza bagyşlandy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo