Döwlet sylaglarynyň gowşurylyş we «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabaralary

MilliInfo

2 sagat öň

Döwlet sylaglarynyň gowşurylyş we «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabaralary

Düýn — 24-nji sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynda işläp, halal zähmeti bilen ýurdumyzyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşine, giň gerimli özgertmeleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşmak arkaly tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň wekillerine, şol sanda medeniýet, sungat hem-de döredijilik ulgamynyň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabaralary geçirildi.

Dabaralarda ýurdumyzyň raýatlarynyň birnäçesine döwlet sylaglary — Türkmenistanyň medallary gowşuryldy. Şeýle hem ýurdumyzyň birnäçe raýatlaryna Türkmenistanyň hormatly atlary dakyldy. Olar, degişlilikde, «Türkmenistanyň halk artisti», «Türkmenistanyň halk suratkeşi», «Türkmenistanyň halk bagşysy», «Türkmenistanyň at gazanan senagat işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy», «Türkmenistanyň at gazanan ulag işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan aragatnaşyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan oba hojalyk işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan saglygy goraýyş işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan artisti», «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy», «Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti», «Türkmenistanyň durmuş hyzmaty çygrynyň at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň at gazanan uçarmany» diýen hormatly atlaryň eýeleri boldular.

Halkyň agzybirligini, bitewüligini we ahlak sütünlerini pugtalandyrmaga ýardam berýän netijeli jemgyýetçilik işleri, ösüp gelýän ýaş nesli okatmakda, ýaşlary türkmen halkynyň milli gymmatlyklaryna, taryhy mirasyna, gadymdan gelýän däp-dessurlaryna we adatlaryna hormat goýmak duýgusynda, watançylyk, zähmetsöýerlik, edermenlik we mertlik ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen hormatly ady berlen ýaşuly nesliň wekilleriniň hem-de «Zenan kalby» ordenine mynasyp bolan zenanlaryň goşantlary aýratyn bellenildi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerine döwlet sylaglary gowşuryldy.

Ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärleri we Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijileri döredijilik äleminde çeken zähmetlerine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize hem-de Gahryman Arkadagymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Şeýle hem şu gün Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we yzygiderli tagallasy esasynda binýat bolan Arkadag şäherinde ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy geçirildi. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryny we ýokary derejeli mümkinçilikleri özünde jemleýän täze şäherde halal zähmeti bilen has tapawutlanan hünärmenleriň sylaglanmagy baýramçylyk günleriniň taryhy ähmiýeti bolan wakasyna öwrüldi.

Arkadag şäheriniň ýokary döwlet sylaglaryna mynasyp bolan işgärleri, ýokary sylaglary we hormatly atlaryň güwänamalaryny uly buýsanç bilen kabul eden ildeşlerimiz mähriban halkymyzyň abadançylygynyň hem-de ata Watanymyzyň kuwwatyny, şöhratyny has-da artdyrmagyň bähbidine çeken zähmetlerine ýokary baha berendigi üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info