Kolorado ştatynyň ýaşaýjysy Lu Salas suratkeş Erik Dudlyň äpet tapmaçasyny (pazlyny) ýygnap, özboluşly bir dünýä rekordyny goýdy. Dünýäniň kartasy şekillendirilen bu surat jemi 60 müň bölekden ybaratdyr. Öz ammarynda ähli yklymlary we dünýäniň ýüzlerçe täsinliklerini janlandyrmak üçin Lu dört ýyla çeken 800 sagat töweregi wagtyny sarp etdi. Ol ilkinji 24 aýyny şeýle äpet göwrümli suraty nirede we nädip ýerleşdirip boljakdygy barada oýlanyp geçirdi.
Iň kyn tapgyr bolsa bölekleri saklamak we ahyrynda olary biri-birine birikdirmek boldy. Ol suratyň böleklerini aýry-aýrylykda ýygnady, ahyrynda bolsa 60 sany uly bölegi birleşdirmek üçin şahsy ammarynda maşgalasy bilen äpet stol gurdy. Indi iş tamamlanansoň, Salas bu täsin eserini başga bir höwesjeňe mugt bermegi meýilleşdirýär.
Şeýle pazl toplumlary indi çykarylmaýar.