Hamzat Çimaýew ilkinji gezek ýeňlişe sezewar boldy

MilliInfo

Şu gün — 10-njy maýda ABŞ-nyň Nýuark şäherinde geçirilen «UFC 328» ýaryş agşamynda meşhur Hamzat Çimaýew amerikaly Şon Striklend bilen orta agram derejesinde çempionlyk guşagy ugrunda tutluşyk geçirdi.

Bäş raunddan soň eminleriň bölünen karary bilen (48–47, 47–48, 48–47) Striklend täze çempion hökmünde bellige alyndy.

Şeýlelikde, 15 ýeňşi bolan Hamzat Çimaýew professional karýerasyndanky ilkinji ýeňlişine sezewar boldy.

Striklendiň hasabynda bolsa bu tutluşykdan soñ 31 ýeňiş we 7 ýeňliş bar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info