Drikus dýu Plessini ýeňlişe sezewar eden Hamzat Çimaýew «UFC-niň» täze çempiony boldy

MilliInfo

17 Awgust, 2025

Az wagt mundan öň Çikagonyň (ABŞ) «United Center» arenasynda söweş sungatlarynyň garyşyk görnüşinden ajaýyp ýaryş — «UFC 319» jemlendi. Onuň esasy wakasy BAE-niň wekili Hamzat Çimaýew asly Günorta Afrikadan bolan Drikus dýu Plessiniň tutluşygy boldy.

Bäş raundlap dowam eden duşuşyk Çimaýewiň ýeňşi bilen tamamlandy. Şu üstünliginiň esasynda Hamzat Çimaýew guramanyň orta agramdaky täze çempiony hökmünde bellige alyndy.

Nobatdaky üstünliginden soň onuň MMA boýunça ýeňişleriniň sany 15- ýetdi. Ýeri gelende bellesek, Çimaýew ýekeje gezek hem ýeňlişe sezewar bolmady. Plessi bolsa karýerasyndaky üçünji, «UFC-däki» birinji ýeňlişine döz geldi.     

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo