Hytaýyň milli nebit-gaz korporasiýasynyň («CNPC International LTD») Türkmenistandaky şahamçasy Pekindäki Hytaýyň nebit uniwersitetinde ýokary bilim almak isleýän ýurdumyzyň raýatlaryndan resminamalaryň kabul edilýändigini mälim etdi.
Okuw alty hünär boýunça alnyp barlar:
nebit-gaz inženerligi;
nebit we gazy daşamak hem-de saklamak;
geologiýa we kän gözleg işleri, nebit-gaz känlerini işläp taýýarlamak we işletmek;
himiýa inženerligi we tehnologiýasy;
mehaniki taslamalaşdyrma we awtomatizirleme.
Kabul edişlige gatnaşmaga ýaşy 25-den uly bolmadyk, okuw görkezijileri gowy bolan we iňlis dilini bilýän Türkmenistanyň raýatlary çagyrylýar.
Şunda kabul edişligiň iki tapgyrda geçiriljekdigini ýatladýarys:
matematika, himiýa we fizika boýunça synag
iňlis dilinde söhbetdeşlik.
Resminamalaryň kabul edilişi 16 – 31-nji mart aralygynda guralyp, iş günleri sagat 9:30-dan 17:00-a çenli «CNPC-niň» Aşgabatdaky şahamçasynyň edarasynda geçirilýär.
Salgysy: Aşgabat şäheri, Bitarap Türkmenistan şaýoly, 553/3.
Telefon belgileri: +99312 44-51-01, +99312 44-50-65, +99312 44-54-75