CNPC OGT 2026-nyň hemaýatkäri boldy

MilliInfo
CNPC OGT 2026-nyň hemaýatkäri boldy

Hytaýyň Milli Nebit-Gaz Korporasiýasy (CNPC) “Türkmenistanyň nebiti we gazy — OGT 2026” halkara maslahatynyň we sergisiniň — Platinum hemaýatkäri boldy. Bu iri halkara çäre 21–23-nji oktýabrda Aşgabat şäherinde geçiriler.

Bu hyzmatdaşlygyň yglan edilmegi Türkmenistan bilen Hytaýyň gaz pudagyndaky strategik hyzmatdaşlygynyň 20 ýyllygyna gabat gelýär. CNPC kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri Türkmenistanda iş alyp barýar hem-de häzirki wagtda “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň IV tapgyryna gatnaşýar.

Taslamanyň çäklerinde ulanyş guýularyny burawlamak, şeýle hem ýylda 10 milliard kub metr harytlyk tebigy gazy taýýarlamaga ukyply gaz taýýarlaýyş desgasyny gurmak göz öňünde tutulýar. Çäräni guraýjylaryň maglumatlaryna görä, taslama doly durmuşa geçirilenden soň 1 müňden gowrak hemişelik iş ornunyň döredilmegine garaşylýar.

Türkmenistan bilen Hytaýyň energetika hyzmatdaşlygynyň ýene-de bir möhüm netijesi 2009-njy ýylda ulanyşa girizilen Türkmenistan–Hytaý gaz geçirijisidir. Häzirki wagtda onuň üç hereket edýän şahasy arkaly her ýylda 30 milliard kub metrden gowrak türkmen tebigy gazy Hytaýa iberilýär. Guraýjylaryň maglumatlaryna görä, 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli Hytaýa iberilen türkmen gazynyň umumy möçberi 430 milliard kub metrden geçdi.

OGT 2026 halkara maslahaty we sergisi energetika kompaniýalaryny, maýadarlary we pudaklaýyn hünärmenleri bir ýere jemläp, gaz känlerini özleşdirmek, eksport ugurlaryny ösdürmek, täze tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekologik netijeliligi ýokarlandyrmak bilen bagly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döreder.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info