«Competitive College Club» maksatnamasyna gatnaşjaklaryň resminamalary kabul edilýär

MilliInfo

4 sagat öň

Aşgabatdaky Amerikan merkezi «Competitive College Club» maksatnamasyna gatnaşmak üçin ýüztutmalaryň kabul edilip başlanandygyny yglan etdi.

Maksatnama umumybilim berýän mekdepleriň Aşgabatda ýaşaýan we ABŞ-da bilim almagy arzuw edýän 10-njy, 11-nji ýa-da 12-nji synp okuwçylary gatnaşyp bilerler.

«Competitive College Club» — bu ABŞ-da ýokary bilim almagy maksat edinýän ýaşlar üçin niýetlenen toparlaýyn maksatnama. Ol şahsy maslahat beriş hyzmatlaryny, synaglara taýýarlyk görmegiň strategiýalaryny, akademiki ukyplary ösdürmegi we pikirdeşleriňiz bilen aragatnaşyk saklamak mümkinçiligini hödürleýär.

Maksatnama tölegsizdir. Ýüztutmalar 2026-njy ýylyň 3-nji ýanwary güni sagat 23:59-a çenli kabul edilýär.

Özüňizi gyzyklandyrýan sowallaryň jogabyny şu elektron poçta arkaly tapyp bilersiňiz: ashgabat@educationusa.org

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info