Heniz resminamalaryňyzy tabşyjak hünäriňizi saýlamadyk bolsaňyz, onda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň «dalasgar.bilim.tm» saýtyndan peýdalanmagyňyzy maslahat berýäris. Çünki şol ýerde ýurdumyzyň ähli ýokary okuw mekdeplerine, aýratynlykda, her bir hünäre kabul edilmeli talyplaryň sany, häzire çenli tabşyrylan resminamalaryň möçberi we beýleki gerekli maglumatlar ýerleşdirilýär.
Garaz, dalaşgärler şol ýerden Aşgabat we Arkadag şäherleri hem-de ýurdumyzyň beýleki sebitleri boýunça okuwlara kabul etmegiň häzirki tapgyry hem ýagdaýlary boýunça anyk maglumatlary taparlar.
Hawa, «dalasgar.bilim.tm» bilen ýurdumyzyň 22 ýokary okuw mekdebinde hereket edýän 175 ugur boýunça resminamalaryň kabul edilşiniň ýagdaýlary eliňiziň aýasynda.
Biz ähli dalaşgärlere üstünlikleriň hemra bolmagyny arzuw edýäris.
