Dalaşgärler üçin amatly platforma: «dalasgar.bilim.tm» ýokary okuw mekdeplere kabul edişligiň maglumatlaryny hödürleýär

MilliInfo

Türkmenistanyň Bilim ministrligi Watanymyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylda kabul edişligiň ýagdaýyny hödürleýän «dalasgar.bilim.tm» atly maglumat beriji web saýtyny işe girizdi. Bu barada ministrligiň resmi saýtynda habar berilýär.

Şunlukda, Türkmenistanda ilkinji gezek okuwa kabul edilşik bilen baglanyşykly maglumatlaryň her gün täzelenip durýan interaktiw onlaýn platformasy esaslandyryldy. Munuň özi dalaşgärleriň ýokary okuw mekdeplerdäki her bir hünär boýunça tabşyrylan resminamalaryň sany, berlen arzalaryň geografiýasy, taýýarlyk ugurlary boýunça bäsdeşligiň derejesi boýunça degişli maglumatlary alyp bilmegine mümkinçilik döredýär.

Ýeri gelende bellesek, bu maglumat ulgamy okuwa kabul edişligiň aç-açanlygyny we adalatlylygyny üpjün etmek, ýaşlaryň geljekki hünärini saýlamaga düşünjeli çemeleşmegini gazanmak, bilim ulgamynda açyk maglumat gurşawyny emele getirmek üçin niýetlenendir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo