Hormat we hatyra: Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

MilliInfo
Hormat we hatyra: Türkmenistanyň Prezidenti azerbaýjan halkynyň mukaddesliklerini sarpalady

Şu gün hormatly Prezidentimiz Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde Baku şäherindäki «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna we azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň guburyna gül goýmak dabaralaryna gatnaşdy. Bu barada «Türkmenistan» elektron gazeti habar berdi.

Ilki bilen, döwlet Baştutanymyz «Ýeňiş» ýadygärlikler toplumyna bardy we öz Watany üçin janyny gurban eden Azerbaýjanyň milli gahrymanlaryny hatyralap, ýadygärlige gül desselerini goýdy. Munuň özi geljek nesilleriň abadan durmuşy üçin şirin janyny pida eden gahrymanlary hatyralamak ýaly türkmen we azerbaýjan halklaryna mahsus däpleriň dowamata atarylýandygynyň beýany boldy. Bu ýerde hormatly Prezidentimize Baku şäheriniň häkimi E.Azizow ýadygärlikler toplumy barada maglumat berdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz azerbaýjan halkynyň umumymilli Lideri Geýdar Aliýewiň baky aram tapan ýeri bolan Hormat meýdançasyna bardy. Bu ýerde Azerbaýjanyň görnükli döwlet we syýasy işgärini hatyralap, Geýdar Aliýewiň guburyna gül desselerini goýdy. Mälim bolşy ýaly, Geýdar Aliýewiň ýolbaşçylygynda Azerbaýjan Respublikasynyň okgunly ösüşi we halkara abraýynyň belende galmagy üçin berk binýat goýuldy. Ol Türkmenistanda iki doganlyk ýurduň arasynda dostlukly gatnaşyklary ösdürmäge hem-de pugtalandyrmaga uly ähmiýet beren döwlet işgäri hökmünde tanalýar.

Hormatly Prezidentimiziň Azerbaýjan Respublikasyna sapary dowam edýär.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info