Madridiň «Realynyň» ispaniýaly goragçysy Dani Karwahalyň möwsümiň ahyrynda topardan gitjekdigi belli boldy: «Korolewanyň kluby» 34 ýaşly ispaniýaly oýunçy bilen şertnamanyň möhletini uzatmajakdygy hakyndaky kararyny yglan etdi. Bu bolsa Dani Karwahalyň jemi 23 ýyllap klubyň düzüminde bolanyndan soň (akademiýa bilen bilelikde) «Realy» terk etjekdigini aňladýar. Ýatlap geçsek, 2012/13-nji ýyllaryň futbol möwsüminde ol Germaniýanyň «Baýerine» gidipdi we soňlugynda 6,5 million ýewrolyk tölegiň esasynda ýene-de «Reala» dolanyp gelipdi.
Dani Karwahal näme bilen ýatda galdy?
2013-nji ýyldan bäri Dani Karwahal Madridiň «Realynyň» esasy düzüminde oýnady. Ol şol döwürde 6 gezek Çempionlar ligasynyň, 4 sapar UEFA-nyň Superkubogynyň we 5 gezek klublaryň arasyndaky dünýä çempionatynyň ýeňijisi, 4 gezek Ispaniýanyň çempiony hem-de Superkubogynyň eýesi, şeýle-de 2 sapar Ispaniýanyň Kubogynyň eýesi bolmagy başardy. Karwahalyň meýdançadaky netijelere hemişe uly täsirini ýetirendigini bellemek gerek: Ronaldunyň «gaýçy» görnüşli uran golundaky netijeli pasy ýa-da «Mançester Siti» bilen bolan oýunda Rodrigonyň halas ediji goly.
2023/24-nji ýyllaryň futbol möwsümi Karwahal üçin «Realda» hem-de Ispaniýanyň milli ýygyndysynda taryhy döwür boldy: goragçy örän şowly möwsüm geçirip, Çempionlar ligasynyň finalynda ýeňiş goluny urdy, soňra bolsa milli ýygyndy bilen Ýewro-2024-iň ýeňijisi boldy. Bu üstünlikleri sebäpli, ol «Altyn top» baýragyna esasy dalaşgärleriň birine öwrüldi. Emma garaşylan netije bolup geçmedi.
Ispaniýaly goragçy futbol ýoluny nirede dowam eder?
Häzirki wagtda Dani Karwahalyň geljegi barada anyk maglumat ýok. Madridiň «Realynyň» Ispaniýanyň çempionatyndaky soňky duşuşygy Dani üçin «Santýago Bernabeudaky» ahyrky oýun bolar.
Karwahalyň ýa Saud Arabystanyna — Kriştianu Ronaldunyň oýnaýan «Al Nassr» toparyna ýa-da Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň çempionatyna gitjekdigi çaklanylýar. Ispan futbolçysy bu ýerleriň ikisinde-de özüni görkezip biler.
Dani Karwahalyň «Realyň» köýnekçesindäki iň soňky çykyşy 23-nji maýda «Santýago Bernabeu» stadionynda «Atletik Bilbaonyň» garşysyna geçiriljek oýun bolar.