«Daragt» filmi Täjigistanda halkara baýraga eýe boldy

MilliInfo

20 Oktýabr, 2025

Türkmen kinorežissýory Sahysalyh Baýramowyň «Daragt» atly çeper filmi 15—20-nji oktýabrda Täjigistanyň paýtagtynda geçen «Tojik somoni» atly ikinji halkara kinofestiwalynda eminleriň ýörite baýragyna eýe boldy.

Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan düşürilen film bäsleşik maksatnamasynyň çäginde «Nawruz» kinoteatrynda görkezildi. Türkmen režissýoeynyň işi Russiýadan, Gazagystandan, Gyrgyzystandan hem-de Täjigistandan bolan bilermenleriň ýokary bahasyna eýe boldy.

Türkmen maşgalasynyň Beýik Watançylyk urşy ýyllaryndaky ykbalyny şöhlelendirýän film türkmen zenanlarynyň wepadarlygyny, hojalygyna ygrarlylygyny görkezýär.

Täjigistanda geçen festiwala dünýäniň 20 ýurdundan režissýorlar gatnaşyp, iň kämil filmleriň ençemesi hödürlendi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
MilliInfo