Daşary ýurtly meşhur arhitektura fotosuratçysy Finbarr Fallon Ýaponiýanyň Osaka şäherinde geçýän «Ekspo 2025» sergisindäki Türkmenistanyň milli pawilýonyny surata düşürmek üçin dikuçar bilen belentlige galdy.
Milli nyşanlar we äheňler bilen bezelen pawilýonyň binagärligi, gaýtalanmajak gözelligi ony haýrana goýdy.
Finbarryň birinji synanyşygy ony kanagatlandyrmady. Ol belentlikde uzak saklanyp bilmedi. Şol sebäpden hem, ol türkmen pawilýonynyň Günüň ýaşyp barýan pursatlaryndaky gözelligini hem-de gijeki görnüşini synlamak üçin ikinji uçuşyny amala aşyrdy.
Bu pursatlar türkmen medeniýetiniň hem-de milli däp-dessurlarymyzyň dünýä arenasynda uly gyzyklanma döredýändigini tassyklaýar.