Daşkent şäherinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Azerbaýjanyň Baştutanlarynyň öňde boljak konsultatiw duşuşygynyň çäklerinde guralan «Merkezi Aziýada ruhy miras we aň-bilim» atly halkara kongres öz işine başlady.
Çärä Özbegistanyň, Täjigistanyň, Gyrgyzystanyň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň dürli düzümlerinden we edaralaryndan wekiliýetler gatnaşýarlar. Biziň ýurdumyzyň wekiliýetiniň düzümine Suratkeşler birleşiginiň wekilleri, muzeý işgärleri, medeniýet işgärleri, Bilim ministrliginiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri girýärler.
Kongresiň dabaraly açylyşynyň başynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň çärä gatnaşyjylara Ýüzlenmesi okaldy.
Türkmenistanyň adyndan plenar mejlisinde Türkmenistanyň Medeniýet ministri A.Şamyradow çykyş etdi. Ol öz çykyşynda Türkmenistanyň we Merkezi Aziýa döwletleriniň hem-de Azerbaýjanyň medeni gatnaşyklarynyň gadymy kökleriniň bardygyny we umumy taryhy mirasa hem-de däp-dessurlara esaslanýandygyny belläp geçdi. Şeýle-de, ol Merkezi Aziýanyň we Azerbaýjanyň döwlet Baştutanlaryna medeni-ynsanperwer gatnaşyklary pugtalandyrmaga we ösdürmäge goşan goşantlary üçin minnetdarlyk bildirdi.

