Şu gün — 15-nji oktýabrda Özbegistanyň paýtagtynda Häzirki zaman sungatynyň XI Daşkent halkara biýennalesiniň (XI Tashkent International Biennale of Contemporary Art) çäklerinde türkmen suratkeşleriniň eserlerinden ybarat bolan ajaýyp sergi öz işine başlady.
Ekspozisiýada Türkmenistanyň tanymal nakgaşlarynyň — Azat Myradowyň, Gunça Myradowanyň hem-de Toýly Çopanowyň iň naýbaşy eserleri görkezildi. Biri-birinden kämil hem professional işler serginiň myhmanlarynda uly gyzyklanma döretdi.
Sergini Özbegistanyň Çeperçilik akademiýasy, Suratkeşler döredijilik birleşigi we Çeperçilik sergileriniň müdiriýeti gurady.
Bu ýerde hödürlenen surat eserleri türkmen halkynyň däp-dessurlaryny, edim-gylymylaryny hem-de milli aýratynlyklaryny giňden şöhlelendirdi. Özbek sungat söýüjileri bu işleriň özlerini haýrana goýandygyny tassykladylar. Kämil eserler myhmanlaryň türkmen durmuşy hem sungaty bilen ýakyndan tanyşmagyna mümkinçilik döretdi.
