Daşoguz welaýatda bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamakda ýokary netijeler gazanylýar. Welaýatyň Şabat etrabynyň daýhanlary hem bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak işlerini ýokary depginde alyp barýarlar. Olar şu ýyl 240 gektar meýdanda bakja ekinlerini ekdiler. Häzirki wagta çenli hasylyň 4 müň 796 tonnasy ýygnaldy. Bu bolsa meýilleşdirilen tabşyrygyň üstünlikli ýerine ýetirilendigini görkezýär.
Daşoguz welaýatynyň beýleki etraplarynda hem bakja ekinleriniň bol hasyly ösdürilip ýetişdirildi. Ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde bakja ekinleriniň 800 gektar meýdanyny tutýan iň iri önüm öndürijileriň biri Akdepe hem-de Ruhubelent etraplarydyr. Bu etraplardan 32 müň tonnadan gowrak önüm ýygnamak meýilleşdirilýär, tutuş Daşoguz welaýatynda bolsa bakja ekinleriniň hasylyny taýýarlaýyş boýunça tabşyrygy 75 müň tonnadyr.
Türkmenistanyň demirgazyk sebiti hemişe öz ekerançylyk däpleri bilen meşhurdyr. Bu sebitiň oba hojalyk pudagynda bakja ekinleriniň öndürilmegi möhüm orun eýeleýär. Bu toprakda ösdürilip ýetişdirilýän garpyz, gawun, kädi we beýleki bakja ekinleri ajaýyp tagamlylygy bilen tapawutlanýar. Demirgazyk sebitiň toprak-howa şertleri bu ekinleriň ösdürilip ýetişdirilmegine amatly bolup, olaryň köpüsi guraklyga çydamlydyr. Bu ekinleriň ösdürilip ýetişdirilýän döwri gysga bolup, daşamaga we uzak saklanmaga çydamlydyr.