Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ruhabat meýdançasynyň tutýan meýdany 26784 gektar bolup, onuň meýdanlary 4 bölege bölünýär: Keçun 4658 ga, Asylma 1191 ga, Pöwrize 6538 ga we Babazaw 14397 ga. Şeýle hem 32800 gektardan ybarat gorag zolagy bar. Bu meýdanlarda «Bars deresi», «Dagyş deresi we Dogry dere», «Ogurly dere», «Garaňky» ýaly birnäçe dereler gabat gelýär. Goraghananyň Ruhabat meýdançasynyň Babazaw böleginde Daştoý dagy bolup onuň, deňiz derejesinden beýikligi 2534 metre çenli ýetýär. Şeýle hem bu dagyň adybir Daştoý deresi täsin haýwanat dünýäsi bilen haýran galdyrýar. Bu barada Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň resmi saýtynda habar berildi.
2025-nji ýylyň dekabr aýynyň ahyrlarynda geçirilen ylmy gözegçiliklerde derede azda-kände gar bellige alyndy. Garyň üstünde ýabany pişikleriň yzlary mese-mälim görünýär. Şeýle hem deňiz derejesinden 1500 metre golaý belentliklerde alajagaplaňyň yzlary bellige alyndy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen sakgally garaguş hem duş geldi. Öňki geçirilen gözegçiliklerde deräniň ugrunda Gyzyl kitaba girizilen gajar hem-de göwenegiň höwürtgeleýän ýerleriniň koordinatlary alyndy.

Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynyň aglaba bölegi döwlet serhet zolaklarynyň çäginde ýerleşýär. Golaýda serhet çäkde Dogryderäniň ugrunda manul pişigine gabat gelendigi habar berildi. Şeýlelikde. munuň özi Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna (2024), Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň gyzyl sanawyna we Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasynyň (CITES) sanawyna girizilen manul pişiginiň geljekde ýaýrawyny, bioekologiki aýratynlyklaryny öwrenmäge uly mümkinçilikler döreýär. Her bir deräniň tebigy gözelliklerini ylmy tarapdan öwrenmek, şeýle hem takyk ylmy maglumatlary toplamak maksady bilen ylmy gözegçilikleriň dereler boýunça geçirilmegi dowam edýär.