«Türkmenistan» awiakompaniýasy dekabryň ahyryndan we geljek ýylyň başyndan käbir halkara uçuşlaryny artdyrar

MilliInfo
«Türkmenistan» awiakompaniýasy dekabryň ahyryndan we geljek ýylyň başyndan käbir halkara uçuşlaryny artdyrar

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçuşlarynyň tertibine görä, dekabryň ahyrky günlerinde hem-de 2026-njy ýylyň başynda käbir howa gatnawlary artdyrylar.

  • 29-njy dekabrdan öňki howa gatnawlarynyň üstüne Aşgabat — Deli ugry boýunça her hepdäniň ýekşenbe güni guraljak uçuşlar goşular. Bu uçar ir bilen 07:20-de ýola düşer we 11:30-da gonar.

  • 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan bolsa Aşgabat — Abu-Dabi ugry boýunça howa gatnawlary artdyrylar. Bu uçuş her hepdäniň ýekşenbe güni paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinden ýola düşer. 04:25-de ugrajak uçar 05:55-de barmaly nokadyna ýeter.

  • Täze ýylyň 4-nji ýanwaryndan Aşgabat — Abu-Dabi ugry boýunça howa gatnawlary hem köpeler. Bu uçuş hem ýekşenbe günleri amala aşyrylyp, 07:25-de Abu-Dabiden ýola düşjek uçar 09:55-de türkmen paýtagtyna geler.

«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň halkara uçuşlaryň sanyny artdyrmagy watandaşlarymyz hem-de ýurdumyza gelýän myhmanlar üçin döredilýän şertleri has-da kämilleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info