TDHÇMB-niň wekiliýeti Wena şäherinde iş saparynda boldy

MilliInfo

58 minut öň

TDHÇMB-niň wekiliýeti Wena şäherinde iş saparynda boldy

22–23-nji oktýabnda Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň başlygy Batyr Wolsahadowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň we söwda gatnaşyklaryny giňeltmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksady bilen, Wena şäherinde saparda boldy.

Saparyň çäklerinde wekiliýet Wena oba hojalyk önümleri biržasynyň prezidenti Ernst Gaus we biržanyň sekretary Karl Şnaýder bilen duşuşyklary geçirdi. Şeýle hem Awstriýanyň Federal ykdysady palatasynyň (WKÖ) Günorta-Gündogar Ýewropa we Gündogar Ýewropa/Merkezi Aziýa boýunça sebit direktory, sebit dolandyryşynyň ýolbaşçysy Dražen Maloçeý bilen aýratyn duşuşyk geçirildi.

Duşuşyklaryň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, birža söwdasyny ösdürmek, oba hojalyk önümleriniň söwdasyny giňeltmek hem-de Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasynda özara bähbitli ykdysady hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin täze mümkinçilikleri öwrenmek meselelerine esasy üns berildi.

Geçirilen duşuşyklar pikir alyşmaga we Türkmenistan bilen Awstriýanyň arasyndaky söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berjek institusional hem-de täjirçilik hyzmatdaşlygynyň geljekki ugurlaryny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info