Türkmenistana saparynyň çäginde Pekin Hytaý lukmançylygy uniwersitetiniň rektory Tan Çžişunyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet ýurdumyzyň sagaldyş merkezleriniň mümkinçilikleri bilen tanyşdy. Hytaýly hünärmenler meşhur «Arçman» we «Ýyly suw» balneologik şypahanalaryna, şeýle hem täsin tebigy desga bolan Köw-Ata ýerasty kölüne baryp gördüler.
Hytaýly bilermenler baryp gören merkezlerinde tehniki enjamlaşdyrylyşyň derejesine we lukmançylyk hyzmatlarynyň hiline ýokary baha berdiler. Esasan hem, tebigy mineral suwy bilen tapawutlanýan Köw-Ata köli wekiliýetde uly täsir galdyrdy. Bu ýerde ýyly minerallaşan suw saglygy berkitmekde we gan aýlanyşygyny kadalaşdyrmakda tebigy serişde hökmünde hyzmat edýär.
Saparyň dowamynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy mirasyna hem aýratyn üns berildi. Onuň lukmançylyk we dermanlyk ösümlikler baradaky işleri hytaýly myhmanlarda uly gyzyklanma döretdi. Ýeri gelende bellesek, bu ylmy barlaglar türkmen sagaldyş merkezleriniň tejribesinde giňden ulanylýar.