Abu-Dabiniň «Masdar City» şäheriniň wekiliýeti 3–5-nji noýabr aralygynda Aşgabatda geçiriljek «CIET 2026» halkara maslahatyna we sergisine gatnaşar. Häzirki wagtda bu iri halkara çärä gatnaşmak üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan 200-den gowrak wekiliň hasaba alnandygy habar berilýär.
Şäheriň wekilleri durnukly şäher ösüşi, baş meýilnamalaşdyrma, energiýa tygşytlaýjy gurluşyk we sanly tehnologiýalar babatda toplan tejribelerini paýlaşarlar. Olaryň foruma gatnaşmagy gurluşyk we infrastruktura ulgamlarynda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmegiň mümkinçilikleri baradaky pikir alyşmalara täze itergi berer.
Saparyň çäklerinde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda ýörite umumy sapagyň geçirilmegi, şeýle hem Arkadag şäherine barlyp görülmegi hem göz öňünde tutulýar. Bu çäreler halkara bilermenleriniň, alymlaryň hem-de Türkmenistanyň gurluşyk pudagynyň wekilleriniň arasynda tejribe alyşmak we hünär gatnaşyklaryny ösdürmek üçin giň mümkinçilikleri döreder.
Abu-Dabide ýerleşýän «Masdar City» durnukly şäher ösüşi, işewürlik we tehnologik innowasiýalar boýunça öňdebaryjy merkezleriň biridir. Onuň ösüş modeli serişdeleri netijeli peýdalanýan binagärçiligi, gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini hem-de häzirki zaman şäher gurşawy üçin innowasion çözgütleri özünde jemleýär.
«CIET 2026» halkara maslahaty we sergisi döwlet edaralarynyň wekillerini, iri halkara kompaniýalary, maýadarlary hem-de öňdebaryjy tehnologiýalary hödürleýän kompaniýalary bir ýere jemlär. Forumyň dowamynda Türkmenistanyň gurluşyk, senagat, energetika we infrastruktura pudaklarynda durmuşa geçirilýän we geljekde meýilleşdirilýän taslamalar, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşylar.
