22-nji maýda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Russiýa Federasiýasynyň Sankt-Peterburg şäherinde geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň barşynda Milli parlamentiň ýolbaşçysy D.Gulmanowa ýokary derejede geçirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň 60-njy plenar mejlisine gatnaşmaga iberilen çakylyk hem-de türkmen tarapyna bildirilen ýokar hormat üçin hoşallygyny bildirdi.
D.Gulmanowa döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde, şeýle hem abraýly halkara guramalaryň çäklerinde döwletara hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň üstünlikli ösdürilýändigi hem-de ählumumy meseleleriň oňyn çözgütleriniň tapylmagynda we durmuşa geçirilmeginde parlament diplomatiýasynyň möhüm ornuny nygtady.
Türkmen tarapy Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda 2026-njy ýylyň «Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda saglygy goramak ýyly: ylalaşykly syýasat we milli strategiýalar» atly şygar astynda geçýändigi bilen baglylykda, Türkmenistanyň saglygy goraýyş babatda ählumumy wezipeleri çözmekde toplan oňyn tejribesiniň dünýä bileleşiginiň, iri halkara guramalaryň, şol sanda BMG-niň we onuň ýöriteleşdirilen edaralarynyň, ýagny Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň, Çagalar gaznasynyň giň ykrarnamasyna eýe bolandygyny belledi we bu ugurda Arkalaşygyň giňişliginde saglygy goraýşyň hukuk binýadyny berkitmäge, tejribe alyşmaga we milli strategiýalary özara utgaşdyrmaga taýýardygyny nygtady.
Mejlise gatnaşyjylar Parlamentara Assambleýanyň diňe bir oňa gatnaşyjy döwletleriň kanunçylygyny kämilleşdirmäge, parlament işini pugtalandyrmaga ýardam etmek bilen çäklenmän, eýsem, ekologiýa abadançylygyny üpjün etmäge, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge, zenanlaryň we ýaşlaryň ugry boýunça gatnaşyklary ýola goýmaga mümkinçilik döredýändigini bellediler. Şeýle formatda geçirilýän çäreleriň, duşuşyklaryň dostlukly ýurtlaryň arasyndaky gatnaşyklary we parlamentara hyzmatdaşlygy täze derejelere çykarmaga ýardam etjekdigine ynam bildirildi.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna gatnaşyjy döwletleriň Parlamentara Assambleýasynyň mejlisiniň gün tertibinde öňe sürlen pikirleriň, teklipleriň we bilelikdäki başlangyçlaryň parlamentleriň syýasy we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmäge, hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de berkitmäge ýardam etjekdigini bellediler.