Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti 15-16-njy aprelde Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde geçirilýän Parlamentara Bileleşigiň 152-nji Assambleýasyna hem-de onuň çäklerinde guralan forumlaryň işine gatnaşýar.
Assambleýanyň gün tertibine laýyklykda, onuň çäklerinde ählumumy parahatçylygy berkidiji gurallary döretmek, durnukly ykdysadyýeti gurmak, adamyň hukuklaryny goramak we häzirki zaman tehnologiýalarynyň demokratik ulgamlara täsiri, şeýle hem halkara hukugyň kadalarynyň berjaý edilmegi, kanun çykaryjylyk işine sanly tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy we ekologiýa diplomatiýasy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar.
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekili Assambleýanyň çäginde guralan Zenan parlamentarileriň forumynda çykyş etdi. Ol öz çykyşynda hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda zenanlaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramak, olaryň döwlet dolandyryşynda hem-de jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda eýeleýän ornuny ýokarlandyrmak boýunça amala aşyrylýan düýpli özgertmelere ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda zenanlar we erkekler üçin deň hukuklaryň we mümkinçilikleriň döwlet kepillikleri barada kanunçylygyň kämilleşdirilişi, şeýle hem milli meýilnamalaryň durmuşa geçirilişi bellenildi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Mejlisiň deputatlarynyň, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň we döwlet dolandyryş edaralarynyň düzüminde zenanlaryň paýynyň yzygiderli artýandygy barada aýratyn bellenip geçildi. Türkmenistanyň 2028-nji ýyly «Halkara hukugyň ýyly» diýip yglan etmek baradaky başlangyjynyň zenanlaryň hukuklaryny ählumumy derejede goramakda we parahatçylyk medeniýetini kemala getirmekde möhüm ädim boljakdygy nygtaldy.
Assambleýanyň çäginde geçirilen Zenan parlamentarileriň forumyndaky çykyşy Türkmenistanyň demokratik gymmatlyklara we gender deňligine ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady.