Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti London şäherinde iş saparynda boldy. Wekiliýet saparyň çäginde Westminster uniwersitetiniň London şäheriniň Regent köçesindäki binalar toplumyna bardy. Ol ýerde wekiliýeti Westminster uniwersitetiniň Halkara hyzmatdaşlyk bölüminiň hünärmeni Josef Kute-Kowling garşylady we bilim ojagynyň okuw binalary, ylmy merkezleri, sport desgalary we alyp barýan işi bilen tanyşdyrdy.
Soňra Westminster uniwersitetiniň Demokratiýany öwreniş merkeziniň direktory professor Nitaşa Kaul bilen duşuşyk başlandy. Professor Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň alyp barýan işine ýokary baha berip, hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmak boýunça bilelikde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy, durnukly ösüş maksatlary hem-de okatmak işinde täze usulyýetler barada okuw maslahatlaryny we onlaýn sapaklary geçirmegi teklip etdi. Taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleri alyp barjakdyklary barada ylalaşdylar.
Soňra Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň wekiliýeti Westminster uniwersitetiniň London şäheriniň Merlibon köçesindäki binalar toplumynda boldy. Ol ýerde wekiliýet toplumda alnyp barylýan okuw-ylmy we önümçilik işleri bilen tanyşdyryldy. Mundan başga-da, Westminster uniwersitetiniň kitaphanasy, tehnologiýalar bilen üpjün edilen tejribehanalary görkezildi.
Şeýle-de Westminster uniwersitetiniň Ýüpek ýoly we özbekleri öwreniş forumynyň direktorynyň orunbasary professor Karen Jekson bilen duşuşyk geçirildi. Bu ýerde türkmen ýokary okuw mekdebiniň mümkinçilikleri hakynda gürrüň berildi. Professor Karen Jekson şeýle saparlaryň taraplaryň arasynda gatnaşyklary pugtalandyrmakda uly ädim bolandygyny belläp, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyplarynyň gysga möhletli okuwlara gatnaşmaga çagyrdy. Okuwlaryň dowamynda talyplara Beýik Britaniýanyň London şäherinde ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara deňiz guramasyna, dünýäniň öňdebaryjy maliýe kompaniýasy bolan «Bloomberge» hem-de işewürlik, maliýe we ykdysadyýet baradaky täzelikleri çap edýän öňdebaryjy «Financial Times» gazetiniň redaksiýasyna okuw saparlary guramak mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Şeýle-de Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Işewürlik-dolandyryş ugry boýunça magistratura maksatnamasynyň talyplaryna halkara söwda, dolandyryş hem-de Bütindünýä söwda guramasyna goşulmak baradaky onlaýn okuw sapaklary geçirmekligi teklip etdi.
Duşuşygyň ahyrynda taraplar özara bähbitli ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin diplomatik ýollaryň üsti bilen degişli işleri alyp barjakdyklary barada ylalaşdylar.