1-nji oktýabrda Gazagystanyň Mangistau welaýatynda «Gorkut ata» halkara kinofestiwalynyň açylyş dabarasy geçirildi. Azerbaýjandan, Türkiýeden, Türkmenistandan, Gyrgyzystandan, Özbegistandan, Wengriýadan hem-de Gazagystandan gelen kino sungatynyň wekilleri we medeniýet işgärleri gyzyl halydan geçdiler.
Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň wekiliýetine öňdebaryjy kino hünärmenleri – režissýorlar, aktýorlar, filmleriň edebi esasyny ýazyjylar we operatorlar girýär. Festiwalyň çäklerinde türkmen kinematografiýasynyň täze eserleri görkezildi. Olaryň arasynda Batyr Batyrowyň «Kämillige ýol 2: Erjellik», Hekim Alowowyň «Kitap», Maksat Gylyjowyň «Ismim düşdi ilden-ile» atly çeper filmleri, şeýle-de Sahragül Janmämmedowanyň «...Senet däldir, ol sungatdyr» atly dokumental filmi bar.
Mundan başga-da, festiwalyň myhmanlary we gatnaşyjylary Wepa Işangulyýewiň «Gürgenç gözeli Törebeg» atly çeper filmini hem-de režissýor Zülfiýa Kadyrowanyň «Ynsan syrdaşy» atly döredijilik işini görüp bilerler.
Çeper film bäsleşiginiň emin agzalarynyň hataryna Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň başlygynyň döredijilik meseleleri boýunça orunbasary Sahysalyh Baýramow girýär. Dokumental filmlere bolsa Döwletgeldi Hudaýberdiýew baha berýär. Emin agzalary jemleýji netijeleri çykaryp, ýeňijileri aşakdaky derejeler boýunça kesgitlär: «Iň gowy çeper film», «Iň gowy režissýor», «Iň gowy edebi esasy», «Iň gowy aktrisа» we «Iň gowy aktýor». Şeýle-de, TÜRKSOÝ tarapyndan «Türki medeniýetine goşan goşandy üçin» diýen ýörite baýrak gowşurylar.
Kinofestiwalyň açylyş dabarasyna halkara TÜRKSOÝ guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew, TDPJ-ň «Milli kinony goldamak boýunça döwlet merkezi» müdiriýetiniň başlygy Kurmanbek Žumagali hem-de meşhur türk aktýory Burak Özçiwit gatnaşdy.
Türki halklaryň «Gorkut ata» halkara kinofestiwaly – hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga, kinematografiýany ösdürmäge we dünýä jemgyýetini türki halklaryň medeni mirasy bilen tanyşdyrmaga gönükdirilen möhüm medeni çäredir. Festiwal sebitdäki ýurtlary kino we medeni alyş-çalyş arkaly birleşdirýär.
Myhmanlar üçin Mangistau welaýatynyň iň owadan we gyzykly ýerleri bilen tanyşmaga mümkinçilik berýän ýörite syýahatçylyk ugurlary hem guraldy. Festiwal 5-nji oktýabrda tamamlanar.






