28-nji aprelde Şuşa şäherinde (Azerbaýjan Respublikasy) Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) syýahatçylyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli bilermenler toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi.
«AZERTAC» tarapyndan berlin habarda aýdylşy ýaly, çärä YHG agza döwletleriň, şol sanda Türkmenistanyň wekilleri, syýahatçylyk pudagynyň bilermenleri hem-de degişli döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisde guramaçylyk meselelerine, şol sanda başlygy saýlamaga, gün tertibini tassyklamaga we iş guralyşyny kesgitlemäge seredildi.
Gün tertibine laýyklykda, gatnaşyjylar YHG-niň syýahatçylyk ministrleriniň ertir geçiriljek ýedinji mejlisine taýýarlyk görlüşini, öňki duşuşykda kabul edilen çözgütleriň durmuşa geçirilişini, tassyklanmaly resminamalary, şeýle hem YHG-niň 2030-njy ýyl üçin syýahatçylyk paýtagtyny kesgitlemek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Mundan başga-da, syýahatçylyk ministrleriniň ýedinji mejlisiniň çäginde kabul edilmegi meýilleşdirilýän Şuşa Jarnamasynyň taslamasy ara alnyp maslahatlaşyldy we onuň mazmuny boýunça teklipler hödürlendi.
YHG-niň syýahatçylyk meseleleri boýunça Ýokary derejeli bilermenler toparynyň dokuzynjy mejlisine gatnaşýan Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň syýahatçylyk bölüminiň ýolbaşçysynyň orunbasary Gülşat Bakyýewa «AZERTAC» habarlar agentligine beren interwýusynda şäheriň özboluşly ruhuny belläp geçdi: «Bu ýerde — Azerbaýjanyň kökleri we taryhy bar».
«Bizi Azerbaýjanyň örän myhmanperwer halky garşylady. Elbetde, bu ýerde ähli zat ýokary derejede guralypdyr. Hawa, türkmenler hem myhmansöýer halkdyr, biz gadymdan bäri şeýle hasaplanýarys. Ýöne her halkyň özüne mahsus aýratynlygy bar, ony hemişe ýatda saklamak isleýärsiň» diýip, G.Bakyýewa aýtdy.
Şuşa şäheriniň saýlanmagy tötänleýin däl — oňa YHG-nyň 2026-njy ýyl üçin syýahatçylyk paýtagty derejesi berildi.