TIMF-2026: Türkmen wekiliýeti Daşkent halkara migrasiýa forumyna gatnaşdy

MilliInfo

18–19-njy maý aralygynda Özbegistan Respublikasynyň paýtagtynda Daşkent halkara migrasiýa forumy (TIMF-2026) geçirildi. Bu forum sebitde we dünýäde howpsuz, düzgünleşdirilýän we kanuny migrasiýany üpjün etmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin mümkinçilik döretdi. Halkara maslahata birnäçe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň wekilleri bilen birlikde, Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygynda türkmen wekiliýeti hem gatnaşdy.

Forumyň gün tertibi global migrasiýa syýasaty ulgamyndaky giň gerimli möhüm wezipeleri öz içine aldy. Geçirilen söhbetdeşlikleriň dowamynda migrasiýany durnukly ösüş ulgamynda howpsuz hereketliligiň şerti hökmünde garalmagyna, şeýle hem zähmet migrasiýasy babatda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge, şol sanda migrantlaryň hukuklaryny goramaga aýratyn üns berildi.

Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde gender syýasatyny amala aşyrmagyň we aýal migrantlaryň durmuş hem-de hukuk hyzmatlaryndan peýdalanmak mümkinçiliklerini giňeltmegiň meseleleri seljerildi. Şunuň bilen birlikde, bilermenler ekologik faktorlaryň we howanyň üýtgemeginiň ilatyň migrasiýasyna ýetirýän täsirini ara alyp maslahatlaşdylar.

Daşkentde geçirilen bu forum halkara hyzmatdaşlygy kämilleşdirmäge we öňdebaryjy tejribeleri öwrenmäge ýardam edip, häzirki zaman global migrasiýa ulgamynyň çäklerinde döwletleriň we halkara guramalaryň tagallalaryny utgaşdyrmagyň ähmiýetini ýene-de bir gezek tassyklady. Forumyň ahyrynda taraplar özara hyzmatdaşlygyň geljekde hem sazlaşykly ösdüriljekdigine ynam bildirip, alnyp barylýan işlerde üstünlikleri arzuw etdiler.

Türkmenistanyň wekilleriniň migrasiýa meseleleri babatynda geçirilýän köp sanly halkara maslahatlara, duşuşyklara, forumlara we halkara çärelere işjeň gatnaşmagy Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň migrasiýa ulgamyndaky halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrylýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info