Türkmenistanyň wekiliýeti 7–8-nji sentýabrda Ankara şäherinde geçirilýän «Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynda akuşerçilik işinde ösüşi çaltlandyrmak» atly sebitleýin maslahata gatnaşýar.
Ähmiýetli forum BMG-niň Ilat Gaznasy (UNFPA) tarapyndan Türkiýe Respublikasynyň Saglygy goraýyş ministrligi we Türkiýäniň Hyzmatdaşlyk we utgaşdyryş agentligi (TIKA) bilen bilelikde guraldy. Çäre Gündogar Ýewropa we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň saglygy goraýyş ministrlikleriniň wekillerini, bu pudakda işleýän ýolbaşçylary we halkara hünärmenleri bir ýere jemledi.
Maslahat strategiki gepleşikleri öňe sürmek, milli tejribeleri halkara standartlaryna gabat getirmek hem-de enäniň we çaganyň saglygyny goramakda öňdebaryjy tejribeleri alyşmak üçin meýdança bolup hyzmat edýär. Duşuşygyň maksady durnukly sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, howpsuz eneligi üpjün etmäge we saglygy goraýyş ulgamlaryny berkitmäge gönükdirilen köpýyllyk milli hereketler meýilnamalaryny işläp düzmek arkaly akuşerçilik işiniň ilkinji derejeli ösüşini goldamakdan ybaratdyr.
