Ýurdumyzyň müftüsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Jiddada haj boýunça halkara maslahata gatnaşdy

MilliInfo

1 sagat öň

Ýurdumyzyň müftüsiniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Jiddada haj boýunça halkara maslahata gatnaşdy

Ýurdumyzyň müftisi Rahman Gurbanmyradowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 8 — 11-nji noýabr aralygynda Jidda şäherinde geçirilen Haj boýunça altynjy maslahatyň we serginiň işine gatnaşdy.

2027-nji ýylyň haj zyýaraty döwründe sanly tehnologiýalary we döwrebap hyzmatlary işjeň ornaşdyrmak, şeýle hem logistika üpjünçiligi, howpsuzlyk we dünýäniň çar künjeginden gelýän zyýaratçylar üçin iň amatly şertleri döretmek meseleleri halkara forumyň gatnaşyjylarynyň üns merkezinde boldy.

Saparyň maksatnamasynyň çäginde Türkmenistanyň müftisi Saud Arabystany Patyşalygynyň haj we umra ministriniň orunbasary doktor Abdulfattah bin Süleýman Maşat bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň netijesi boýunça Türkmenistanyň Müftisiniň müdiriýeti bilen Saud Arabystanynyň degişli pudaklaýyn edarasynyň arasynda 2027-nji ýylda türkmen raýatlary üçin haj zyýaratyny guramagyň tertibini we şertlerini kesgitleýän ylalaşyga gol çekildi.

Şol gün Rahman Gurbanmyradowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň haj we umra ministri doktor Tawfik bin Fawzan al-Rabiýa bilen hem duşuşygy geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar öňümizdäki möwsümde howpsuzlygy üpjün etmäge hem-de zyýaratçylaryň ähli dini amallaryny bökdençsiz we sag-aman berjaý etmekleri üçin zerur şertleri döretmäge gönükdirilen esasy guramaçylyk meselelerini jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info