Ýurdumyzda ulanyşdaky ýolagçy wagonlary düýpli abatlanylar

MilliInfo

Ýurdumyzda demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Bu barada 22-nji maýda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer B.Annaýewiň hasabatynda beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda bu pudaga halkara ülňülere laýyk gelýän täze tehnikalar ornaşdyrylýar, ilatymyza ýokary hilli we medeniýetli hyzmat etmek boýunça zerur işler geçirilýär. Ulanylýan ýolagçy wagonlarynda düýpli abatlaýyş işlerini ýerine ýetirmek boýunça degişli çäreler görülýär. Şunda öňdebaryjy daşary ýurt kompaniýalary bilen netijeli hyzmatdaşlyk edilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň demir ýol ulagy pudagynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek, ilatymyza ýokary hilli hyzmat etmek boýunça netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýolagçy wagonlaryny abatlamak boýunça taýýarlanylan teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info