23-nji maýda sagat 14:00-da Aşgabatda startap jemgyýetiniň iň köp garaşylýan wakalarynyň biri — «Demo Day XIV» geçiriler. Bu çäre ýaş esaslandyryjylary (faunderleri), telekeçileri, maýadarlary we tehnologiýa (tech) pudagynyň wekillerini bir meýdançada birleşdirer.
Myhmanlara innowasion startaplaryň tanyşdyrylyşlary, geljegi uly bolan taslamalaryň hakyky pitçleri (gysgaça tanyşdyrylyşlary), täze tanyşlyklar we biznesi ösdürmek üçin mümkinçilikler garaşýar. Guramaçylar «Demo Day» taslamasynyň eýýäm täze ideýalaryň, hyzmatdaşlyklaryň we geljekki üstünlikli kompaniýalaryň kemala gelmegi üçin möhüm meýdança öwrülendigini belleýärler.
Çäräniň maksatnamasynda:
startap toparlarynyň çykyşlary;
innowasion çözgütleriň tanyşdyrylyşlary;
telekeçiler we maýadarlar bilen networking (işewürlik aragatnaşygy);
geljegiň meýilleri (trendleri) we tehnologiýalary baradaky söhbetdeşlikler.
Guramaçylaryň sözlerine görä, «Demo Day XIV» ýöne bir waka bolman, eýsem, ýaş taslamalar we innowasion ekoulgamyň ösüşi bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin täze ösüş nokadydyr.
Ýerleriň sany çäklidir.
Gatnaşmak üçin +99361130929 telefon belgisi arkaly ýa-da @startup.tm Instagram sahypasynyň profilindäki salgy arkaly öňünden hasaba durmak zerurdyr.