Eýranyň Aşgabatdaky Medeniýet merkezinde dabaraly ýagdaýda Atalar güni bellenildi

MilliInfo

4 Ýanwar, 2026

3-nji ýanwarda Eýran Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet merkezinde Atalar güni mynasybetli dabaraly çäre geçirildi.

Baýramçylyk dabarasyna Eýranyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ali Mojtaba Ruzbehani, merkeziň pars dilini öwrenýän diňleýjileri we mugallymlary, paýtagtymyzyň ýaşaýjylary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Bu baýramçylyk Eýranda däp boýunça Atalar güni hökmünde bellenilýän Hezreti Alynyň doglan güni mynasybetli guraldy.

Dabaranyň dowamynda jenap ilçi Ali Mojtaba Ruzbehani myhmanlara ýüzlenip, bu senäniň ruhy ähmiýeti barada giňişleýin durup geçdi.

Diplomat öz çykyşynda eýran bilen türkmen halklarynyň çuňňur taryhy kökleriniň hem-de umumy medeni gymmatlyklarynyň bardygyny aýratyn belledi. Onuň nygtamagyna görä, ene-ata bolan belent hormat, nesilleriň dowamatlylygy we maşgala däplerini aýawly saklamak her iki halkyň durmuşynda möhüm orun tutýar.

Baýramçylyk agşamynyň medeni maksatnamasy gyzykly boldy. Onuň çäginde merkeziň diňleýjileri tarapyndan türkmen we pars dillerinde goşgular okaldy, dürli gyzykly sahnalar görkezildi we kalba ýakymly aýdymlar ýerine ýetirildi.

Çäräniň ahyrynda dabaranyň geçirilmegine işjeň gatnaşanlara ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info