1-nji sentýabrda ýurdumyzyň ähli bilim edaralarynda 2026-2027-nji täze okuw ýylynyň başlanýandygyny alamatlandyrýan ilkinji jaň kakyldy.
Asylly däbe görä, täze okuw ýylynyň ilkinji güni Garaşsyzlyk binasyna we Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebindäki, Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesindäki 27-nji orta mekdepde ýerleşýän Berdimuhamet Annaýewiň ýadygärliklerine gül goýmak dabaralary bilen başlandy. Bilimler we talyp ýaşlar gününde ähli orta, ýörite orta hem-de ýokary hünär okuw mekdeplerinde dabaraly nyzamlar geçirilip, Döwlet senasy belentden ýaňlandy.
Ýurdumyzyň bilim ojaklarynda täze okuw ýylynyň ilkinji sapagy «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna, Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllyk baýramyna bagyşlandy.
Täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli, asylly däbe görä, Diýarymyzda täze bilim edaralarynyň açylyş dabaralary boldy. Olara Mejlisiň deputatlary, welaýat, şäher we etrap halk maslahatlarynyň agzalary, ýerli ýerine ýetiriji häkimiýet edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, köp sanly ýaşaýjylar gatnaşdylar. Bilimler we talyp ýaşlar gününde Ahal, Daşoguz, Lebap welaýatlarynda täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyş dabaralary ýatdan çykmajak pursatlara beslendi.
Gökdepe etrabynda bina edilen orta mekdep çagalaryň bilim almagy üçin döwrebap mümkinçilikleri özünde jemleýär. Mekdebiň okuw otaglary häzirki zaman multimedia enjamlary, kompýuter otaglary bilen üpjün edilendir. Döwrebap mekdepde okuwçylaryň ähli dersleri, şol sanda zähmet derslerini özleşdirmekleri babatda zerur şertler döredilipdir.
Tejen etrabynda döwrebap çagalar bagynyň açylyş dabarasy Bilimler we talyp ýaşlar gününde etrabyň ýaşaýjylarynyň baýramçylyk ruhuny has-da belende göterdi. Çagalar bagynda körpe nesilleriň oýun arkaly başarnyklaryny kämilleşdirmekleri, terbiýelenmegi, dynç almaklary üçin ähli amatlyklar döredilipdir.
Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherinde täze çagalar bagynyň açylyş dabarasy ýatdan çykmajak pursatlara beslendi. Dabara gatnaşyjylar döwrebap binada ýaş toparlarynyň aýratynlyklary nazara alnyp, çagalaryň sazlaşykly ösmegi, wagtyny şadyýan geçirmegi üçin döredilen şertler bilen ýakyndan tanyşdylar.
Farap hem-de Çärjew etraplarynda 2 sany orta mekdebiň açylyş dabaralary ýurdumyzda giňden bellenilýän Bilimler we talyp ýaşlar gününde Lebap welaýatynyň ýaşaýjylary üçin ajaýyp sowgat boldy. Munuň özi hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, onuň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmak boýunça alnyp barylýan giň möçberli işleriň üstünliklere beslenýändiginiň aýdyň netijesidir.
