Deňiz kenaryndaky şowhun: Gurbangeldi Ataýewiň, Çynar Jumaýewanyň we Rahym Gurbanowyň konserti size garaşýar

MilliInfo

1 sagat öň

Deňiz kenaryndaky şowhun: Gurbangeldi Ataýewiň, Çynar Jumaýewanyň we Rahym Gurbanowyň konserti size garaşýar

Şu gün — 7-nji awgustda Awazanyň «Älemgoşar» seýilgähinde Gurbangeldi Ataýewiň, Çynar Jumaýewanyň we Rahym Gurbanowyň konserti guralýar. Guramaçylar ildeşlerimizi ýurdumyzyň gözel künjeginde geçiriljek konsertiň myhmany bolup, bu ýerde medeniýetli dynç almaga çagyrýarlar.

Awazanyň jana şypaly howasy, joşgunly owazlar hem-de şadyýan gurşaw kalbyňyzy ýakymly duýgularyň gurşap almagyna täsirini ýetirer. Şonuň üçin hem, ajaýyp agşama gatnaşyň, ýatdan çykmajak pursatlary özüňize sowgat ediň!

Konsert sagat 19:30-da başlanýar.

Giriş tölegsizdir.

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info