«Daragt» we «Gyzyl kürte»: türkmen filmleri «Göwher kebelek» kino baýragynyň baş baýraklary ugrunda bäsleşer

MilliInfo

3 sagat öň

«Daragt» we «Gyzyl kürte»: türkmen filmleri «Göwher kebelek» kino baýragynyň baş baýraklary ugrunda bäsleşer

12-nji noýabrda Moskwa şäherinde «Nikita Mihalkowyň «12» ussahanasy» sahnasynda ikinji «Göwher kebelek» Açyk Ýewraziýa kino baýragyny gowşurmak dabarasy geçiriler. Bu ýyl bilermenler geňeşiniň garamagyna dünýäniň 19 döwletinden 41 film hödürlendi.

Gatnaşyjylaryň geografiýasy Ýewropa, Latyn Amerikasy, Aziýa we Afrika ýurtlaryny gurşap alýar. Bäsleşik maksatnamasyna Belarusyň, Wenesuelanyň, Wýetnamyň, Müsürüň, Hindistanyň, Eýranyň, Gazagystanyň, Hytaýyň, Kubanyň, Gyrgyzystanyň, Mongoliýanyň, Pakistanyň, Russiýanyň, Serbiýanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň, Türkiýäniň, Özbegistanyň we Efiopiýanyň kinematografiýaçylarynyň işleri girdi.

Hödürlenen filmleriň žanr köpdürlüligi giň gerimi bilen tapawutlanýar: giň gerimli ylmy-fantastiki filmlerden, taryhy eposlardan we dartgynly harby dramalardan başlap, söýgi, maşgala gymmatlyklary we şahsy gözlegler baradaky kameral kino taryhlaryna çenli öz içine alýar. Filmleriň awtorlary taryhy şahsyýetleriň ykbalyna-da, çylşyrymly ahlak saýlawy bilen ýüzbe-ýüz bolan ýönekeý adamlaryň durmuşyna-da ýüzlenýärler.

Kino baýragynyň guramaçylary onuň esasy maksadynyň medeniýetara gepleşikler, däp-dessurlary we ruhy ýörelgeleri berkitmek üçin açyk meýdança döretmekden ybaratdygyny nygtaýarlar. Taslamanyň ruhlandyryjysy hem-de başyny başlan bolsa Nikita Mihalkowdyr. Çäräniň guramaçysy hökmünde Russiýa Federasiýasynyň Medeniýet ministrliginiň goldamagynda Russiýa medeniýet gaznasy çykyş edýär. Baýragyň resmi şygary: «Söýgisiz islendik hakykat ýalandyr».

Netijeler 12 ugur boýunça jemlener. Kinofestiwalyň baş nyşany we baýragy Russiýa Federasiýasynyň at gazanan suratkeşi Ýuriý Kuperiň dizaýny boýunça taýýarlanan hem-de tas 5000 sany emeli ýol bilen ýetişdirilen göwher (brilliant) bilen bezelen «Göwher kebelek» heýkeljigidir.

Heýkeljikden başga-da, ýeňijiler gymmatbaha baýraklara — Ýakut göwherlerine mynasyp bolarlar:

«Iň gowy film» üçin — agramy 10 karat bolan göwher;

Galan 11 ugurda (şol sanda iň gowy režissýorlyk, iň gowy senariýe, aktýorlyk ussatlygy, Ýewraziýa däl giňişligiň iň gowy filmi we dünýä kinematografiýasyna goşan goşandy üçin baýraklar) — hersi 5 karatlyk göwherler.

Bilermenler geňeşine hödürlenen filmleriň sanawy:

  • «Awgust» («Август») — rež. Nikita Wysotskiý, Ilýa Lebedew (Russiýa)

  • «Aýtmatow» («Айтматов») — rež. Kanybek Kalmatow (Gyrgyzystan)

  • «Amaran» («Амаран») — rež. Rajkumar Periasami (Hindistan)

  • «Hyýallarda... söýgi ýaşaýarmy?» («В мечтах… живет любовь?») — rež. Sara Rozik (Müsür)

  • «Hakykatyň gözleginde» («В поисках истины») — rež. Manzarali Şerali (Täjigistan)

  • «Beýik Tanwi» («Великая Танви») — rež. Anupam Kher (Hindistan)

  • «Beýik Emir we donna Mariýa» («Великий Амир и донна Мария») — rež. Ýolkin Tuýçiýew (Özbegistan)

  • «Gidip barýandygymyza düşünýän pursadymyz» («Время, когда мы понимаем, что уходим») — rež. Çen Syçen (Hytaý)

  • «Güntutulma gününde duşuşarys» («Встретимся в день затмения») — rež. Le Thýen Wýen (Wýetnam)

  • «Geçži şäheri» («Город Гэчжи») — rež. Kun Şen (Hytaý)

  • «Üçek raýatlary» («Граждане крыши») — rež. Gülşat Smagulowa (Gazagystan)

  • «Uzakdaky Gobi» («Далекая Гоби») — rež. Urantuýa Otgonbatar (Mongoliýa)

  • «Daragt» («Дерево судьбы») — rež. Sahysalyh Baýramow (Türkmenistan)

  • «Penjaba hoş geldiňiz» («Добро пожаловать в Пенджаб») — rež. Şehzad Rafik (Pakistan)

  • «Peri hanymyň gyzy» («Дочь леди феи») — rež. Alireza Motamedi (Eran)

  • «Sargyt» («Заказ») — rež. Dastan Madalbekow (Gyrgyzystan)

  • «Bu ýerde Ýura bolupdy» («Здесь был Юра») — rež. Sergeý Malkin (Russiýa)

  • «Kalki, biziň eýýamymyzyň 2898-nji ýyly» («Калки, 2898 год нашей эры») — rež. Nag Aşwin (Hindistan)

  • «Ajaýyp mugallym» («Классная») — rež. Kirill Haletskiý (Belarus)

  • «Gözeller gözeli» («Красавица») — rež. Anton Bogdanow (Russiýa)

  • «Gyzyl kartoçka» («Красная карточка») — rež. Ýabsira Doço (Efiopiýa)

  • «Gyzyl kürte» («Красное курте») — rež. Sahysalyh Baýramow (Türkmenistan)

  • «Ejemiň guzujygy» («Мамин ягненочек») — rež. Umut Ewirgen (Türkiýe)

  • «Mekenet» («Мекенет») — rež. Serkadis Megabiýau (Efiopiýa)

  • «Mergen» («Мерген») — rež. Çingiz Narynow (Gyrgyzystan)

  • «Meniň Lýarim» («Мой Льяри») — rež. Abu Aliha (Pakistan)

  • «Biz mukam diňlemek isleýäris!» («Мы хотим послушать мукам!») — rež. Şirzat Ýakup (Hytaý)

  • «Ikä bir» («Одно на двоих») — rež. Iwan Pawlow (Belarus)

  • «Güýz şemaly» («Осенний бриз») — rež. Adil Mereke (Gazagystan)

  • «Öwrülişik pursady» («Переломный момент») — rež. Dmitriý Soroka (Belarus)

  • «Günortanlyk nahary» («Полуденная трапеза») — rež. Mejit Mejidi (Eýran)

  • «Ýaraşyk» («Примирение») — rež. Tariku Mekonnen (Efiopiýa)

  • «Restart» («Рестарт») — rež. Duman Ýerkimbek (Gazagystan)

  • «Adalatyň eli» («Рука правосудия») — rež. Nemanýa Çeraniç (Serbiýa)

  • «Saligiýa» («Салигиа») — rež. Petar Ristowski (Serbiýa)

  • «Ukudaky» («Спящий») — rež. Jan Ulkaý (Türkiýe)

  • «Ýolbarsyň ogly» («Сын льва») — rež. Laksman Utekar (Hindistan)

  • «Pany» («Тлен») — rež. Luis Rodriges, Andres Rodriges (Wenesuela)

  • «Özbek ýolbarsy. Kazbek» («Узбекский лев. Казбек») — rež. Akbar Bekturdiýew (Özbegistan)

  • «232-nji köçe» («Улица 232») — rež. Rudi Mora (Kuba)

  • «Göçürme» («Эвакуация») — rež. Farhat Şaripow (Gazagystan)

Programma
Günüňizi biz bilen başlaň!
Milli Info