Paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde terbiýelenýän we häzirki döwürde Gökderedäki «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde wagtyny şadyýan geçirýän ýaşlara Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu waka ýurdumyzda giňden bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli guralýan çäreleriň many-mazmun taýdan has-da baýlaşmagyny şertlendirdi.
... «Çynar» çagalar dynç alyş merkezinde baýramçylyk ýagdaýy emele geldi. Döwletliler köşgüniň bu ýerde dynç alýan we saglygyny berkidýän çagalaryna Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan welosipedler gowşuryldy. Bu çäre şatlykly wakalara, ýatda galyjy pursatlara baý boldy.
Gaznanyň wise-prezidenti R.Bazarow dabaranyň dowamynda eden çykyşynda ýurdumyzda ýagşy arzuwlaryň hasyl bolýandygyny, çagalara aýratyn üns bermegiň, olar barada çäksiz alada etmegiň halkymyzyň mizemez ýörelgesidigini aýtdy. Ýurdumyzda ruhubelentlikde bellenilýän, sportuň, sagdynlygyň we bagtyýarlygyň baýramy bolan Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Milli Liderimiziň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň adyndan Döwletliler köşgüniň ýaşlaryna welosipedleriň sowgat hökmünde gowşurylmagy hem ýaşlaryň sagdyn bedenli, gujur-gaýratly, durmuşa höwesli bolup ýetişmegine itergi berer.
Sapaly künjekde wagtyny şadyýan geçirýän çagalar üçin bu sowgat aýratyn ähmiýetlidir. Bagtyýar çagalara täze welosipedleriň ýurdumyzyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasy bilen 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda gowşurylmagy özboluşly mana eýedir.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan aýdym-sazly çykyşlar döwlet derejesindäki alada çäksiz hoşallygyň beýanyna öwrüldi. Bagtyýar çagalar häzirki döwürde Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan alnyp barylýan durmuş ugurly syýasatyň netijesinde Watanymyzyň bagtyýar çagalygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilýändigini buýsanç bilen bellediler.
Döwletliler köşgünde terbiýelenýänlere gowşurylan sowgatlar olaryň sportuň dünýäde meşhur görnüşleriniň biri bolan welosport bilen yzygiderli meşgullanmagyna mümkinçilik berer.