«Türkmenistan» kinokonsert merkezi ýaş tomaşaçylara we olaryň ene-atalaryna unudylmajak duýgulary hem-de ajaýyp keýpiçaglyk bagyşlajak gyzykly we köpdürli baýramçylyk maksatnamasyny taýýarlady:
26-njy sentýabrda ýaş kino muşdaklaryna «Jadyly ertekiler: çagalarymyz üçin kosmos başdan geçirmeleri» atly maksatnamanyň çäklerinde hyýaly we başdan geçirmeler dünýäsine gyzykly syýahat garaşýar. Şol gün uly ekranda ýakymly we täsirli filmler tomaşaçylara ýetiriler:
15:00-da — tolgundyryjy «Meniň ýabany dostum» («Мой дикий друг») çeper filmi;
17:00-da — gülkili «Maskanyň ogly» («Сын маски») komediýasy;
19:00-da — gyzykly «Aždarhany nädip eldekileşdirmeli» («Как приручить дракона») animasion filmi.
28-nji sentýabrda sagat 16:00-da «BIZ WE ÇAGALAR» atly joşgunly we ajaýyp tomaşa başlanar. Körpeje myhmanlara täsin şüweleň garaşýar. Maksatnamada şadyýan masgarabazyň, çalasyn žonglýoryň we geň galdyryjy gözbagçynyň çykyşlary, şeýle hem gamçyly bilen gyzykly şowhun we hytaý tarelkalary bilen jadylaýjy çykyşlar orun alýar.
Geçiriljek çäreler barada giňişleýin maglumat almak we petekleri öňünden sargyt etmek (bronlamak) üçin telefon belgileri: 49-26-58 ýa-da 862 00-31-21.
